Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili Aşgabada sapar edýär


Anna güni Birleşen Milletler Guramasynyň ynsan hukuklary boýunça ýokary derejeli wekili Iwan Simonowiç ilkinji gezek Türkmenistana iki günlük sapar bilen barýar.

Onuň Aşgabatda Türkmenistanyň resmileri bilen geçirjek gepleşikleriniň gün tertibinde boljak meseleler barada anyk maglumat berilmeýär.

Soňky günler BMG-niň ýörite wekili Iwan Simonowiç Täjigistana we Gyrgyzystana-da sapar etdi.

Şu hepdäniň başynda Bişkege eden saparynda ol Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini bu ýurtda 2010-njy ýylda ýüze çykan etniki çaknyşyklar ýaly wakalaryň gaýtadan ýüze çykmazlygy üçin problemanyň sebäplerine çözgüt gözlemeklige çagyrdy.

Mundan daşary, ol bu ýurtda ýaş gyzlaryň keseki erkek kişiler tarapyndan gelinlik üçin ogurlanyp gaçylmagy ýaly zorlukly wakalaryň-da öňüniň alynmalydygy barada gürrüň etdi.
XS
SM
MD
LG