Sepleriň elýeterliligi

AI: Ýazmuhammedowyň tussaglygy derňelmeli


"Amnesty International" guramasynyň belgisi

"Amnesty International" guramasynyň belgisi

Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International guramasy ”Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow howp astynda galýar” diýip, täze beýannama ýaýratdy. Iki hepdeden gowrak wagtlap tussaglykda saklanan Ýazmuhammedow 22-nji maýda boşadyldy. Amnesty International guramasy öz beýannamasynda halkara jemgyýetçiligini Röwşeniň işini aýdyňlaşdyrmak talaby bilen türkmen häkimiýetlerine ýüzlenmäge çagyrýar.

Amnesty International guramasy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmeginiň sebäpleriniň näbelli bolup galýandygyna ünsi çekip, edilen basyşlaryň onuň žurnalist hökmünde alyp baran professional işi bilen baglydygyny çak edýär.

Türkmenabat şäherinde iki hepdeden gowrak wagtlap tussag astynda saklanan Röwşen Ýazmuhammedow 22-nji maýda boşadyldy. Ol 2012-nji ýylyň sentýäbr aýyndan bäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň, esasan, sosial temalar boýunça habarçysy bolup işleýär.

Tussaglykda

Türkmen häkimiýetleri 30 ýaşly Ýazmuhammedowa garşy öňe sürülýan aýyplamalaryň üstüni açmadylar diýip, Amnesty International guramasy ýazýar. Röwşeniň maşgalasynyň aýtmagyna görä, ol tussaglykdan öň hem howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ençeme sapar sorag edilipdir diýip bu maglumatda bellenilýär.

Röwşen Ýazmuhammedow tussaglykda bolan döwründe Içeri işler ministrliginiň Guramaçylykly jeýanatçylyga we terrorçylyga garşy göreş boýunça bölüminiň wagtlaýyn tussaghanasynda saklanypdyr. Ýazmuhammedowyň maşgalasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Röwşen 6-njy maýda tussag edilensoň, häkimiýetler onuň öýüniň daşynda ýazgy edýän kameralary goýupdyr.

Guramanyň çagyryşy

Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International guramasy Ýazmuhammedowyň işi boýunça ýaýradan täze beýannamasynda türkmen häkimiýetleriniň adyna türkmen, ors, iňlis we beýleki dillerde ýüzlenmeleriň iberilmegine çagyrýar.

Gurama ýüzlenmeleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, baş prokuror Ýaranmyrat Ýazmyradowyň we içeri işler ministri Isgender Müllikowyň adyna ibermäge ündeýär.

Amnesty International guramasy öz beýananmasynda şeýle talaplary öňe sürýär: türkmen häkimiýetleri Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmeginiň kanuna laýykdygyny we bu tussaglygyň onuň žurnalist hökmünde alyp baran işi bilen baglydygy baradaky çaklamalary derňemeli; onuň tussag edilmeginiň sebäpleriniň üstüni açmaly we oňa garşy bar bolan aýyplamalar barada jikme-jik maglumatlary tizden-tiz mälim etmeli.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetlerine her bir adamyň söz we bileleşmek azatlyklaryndan peýdalanmaga haklydygyny we munuň Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Graždan we syýasy hukuklar baradaky halkara ylalaşygynda göz öňünde tutulýandygyny ýatlatmaly diýip, Amnesty International guramasy öz beýannamasynda ýazýar.

Gurama Türkmenistanda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna ençeme sapar basyşlaryň edilendigini, 2006-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň tussaglykda ýogalandygyny, emma bu waka boýunça garaşsyz derňewleriň henize çenli geçirilmändigini belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG