Sepleriň elýeterliligi

Siriýada üç täjik raýaty öldürildi


Anna güni Täjigistanyň hökümeti Siriýadaky yslamçy söweşijileriň tarapynda söweşýän üç sany täjik raýatynyň ýakynda Siriýada öldürilendigini mälim etdi.

Täjigistanyň milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň metbugat sekretary Emom Melikow bu barada eden çykyşynda soňky wagtlar daşary ýurtlardaky yslam medreselerinde okaýan 2 müň töweregi täjik raýatynyň Täjigistana gaýtarylyp getirilendigini-de belledi.

Anna güni Gyrgyzystanyň häkimiýetleri hem Siriýada yslamçylaryň tarapynda söweşýän iki sany gyrgyz raýatynyň şu hepde Siriýadan Gyrgyzystana gaýtarylyp getirilendigini mälim etdiler.

Gyrgyzystanyň habar serişdeleri Siriýadaky yslamçy söweşijileriň arasynda örän köp gyrgyz raýatlarynyň bardygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG