Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama täze strategiýany yglan etdi


Penşenbe güni giçlik ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlaryň terrorizme garşy göreş boýunça täze strategiýasy barada doklad bilen çykyş etdi.

Barak Obama güman edilýän terrorçylara garşy üsti pilotsyz uçarlar arkaly amala aşyrylýan hüjümleri “effektiw” we “kanuny” hüjümler diýip atlandyryp, muny gorady. Ýöne, beýleki tarapdan, ol bular ýaly hüjümleriň sanynyň çäklendiriljekdigini aýtdy.

Öz çykyşynyň öňýany Obama ýörite permana gol çekip, üsti pilotsyz uçarlaryň hüjümlerini kadalaşdyryjy täze düzgünnamany tassyklady.

ABŞ-nyň prezidenti Guantanamo türmesini ýapmak barada Kongres bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny-da ýene bir nygtady.
XS
SM
MD
LG