Sepleriň elýeterliligi

Karimowa Twitter arkaly jogap berýär


Gülnara Karimowa

Gülnara Karimowa

Gülnara Karimowanyň uly möçberdäki parahorlyk bilen baglanyşykly Şwed telewideniýesiniň we Azatlyk Radiosynyň beren habary Twitterde gahar gazapdan doly jogabyny tapdy. Özbek prezidentiniň gyzynyň tarapdarlary sosial ulgamda habary tankytlap bir topar teswir ýazdylar. Olar öz teswirlerinde Karimowanyň ýurduň içindäki garşydaşlary günäkärlenmeli diýip toslama otardylar.

Gülnara Karimowa we onuň ýaranlary özbek prezidentiniň gyzy bilen uly möçberdäki parahorlyk hadysasynyň baglanyşygy barada ýazylan esasly habara jogap bermek üçin sosial ulgam bolan Twitteri saýlap aldylar.

Ady agzalýan habar 22-nji maýda Azatlyk Radiosy we Şwesiýanyň “Mission: Investigation”, ýagny “Missiýamyz: derňew” atly tele gepleşiginde goýberilipdi. Bu habar Karimowanyň el ýazgysyna meňzeş resminamalara esaslanýar. Habar serişdelerine bu resminamalar gol astyndan geçirlipdi.

Şol resminamalar başga-da birnäçe zatlar bilen bir hatarda düýbi Stokgolmda ýerleşýän TeliaSonera aragatnaşyk kompaniýasynyň özbek bazaryna girmek we ol ýere ornaşmak üçin millionlarça dollar töländigini subut edýär.

Özbegitanyň awtoritar prezidentiniň ile belli gyzy Karimowa bu ýagdaý barada şu wagta çenli hiç hili resmi taýdan jogap bermedi.

Ol gaty seýrek bolaýmasa kän bir interwýu eçiliberenok ýöne aram aram Twittere höweslenip alýar. Ol sosial ulgamy özüniň muşdaklaryndan öwgi sözlerini eşitmek üçin ulaýar. Ýöne seýregem bolsa käwagt öz tankytçylaryna kakdyryp bir zatlar diýibem galýar.

Twitler

Iki habar serişdesiniň beren maglumatynyň yz ýany bilen Twitterde teswirler gyzyşdy. Gyzyşan teswirlerde ol öňe sürülýän habarlary iňkär edip wakany Özbegistanyň içinde we daşynda özleriniň duşman diýip kabul eden adamlaryna garşy hüjüme geçmek üçin ulandy.

Karimowanyň reteweet eden @meclarck lakamly Twitter ulanyjysy öz teswirinde şeýle diýýär: “Azatlyk Gülnar Karmiowa gara ýöňkemek barada ‘ýokardan’ güýçli görkezme alypdyr”.

Şeýle-de ol hasabata MTS kompaniýasy bilen baglanyşdyryp bähbit üçin toslama hökmünde garady. MTS kompaniýasy TeliaSoneranyň ozalky aragatnaşyk ulgamynda garşydaşy bolup ol 2012-nji ýylda salgyt gullugynyň işgärleriniň gurnan reýdinden soň Özbegistany terk etmäge mejbur edilipdi.

Özbegistandaky MTS kompaniýasynyň ozalky başlygy Bekzod Ahmedow Karimowanyň birwagtky ýaranydy. Häzirki wagtda onuň häkimiýet başyndaky maşgala gol astyndan pul berendigi barada Şwesiýa we Şweýsariýa döwletlerinde derňew işleri alynyp barylýar. Twitterdäki teswirlerden çen tutsaň olaryň ikisi hem häzir daşary ýurtda.

Karimowanyň tarapdarlaryndan @AbdunazarovaM şeýle teswir ýazýar: “Bu hapaçylygy buýruk berenleriň Ahmedowyň goragçylaryndan biridigi aýdyňlaşyp barýar.”

“MTS Özbegistanda millionlap pul gazandy we häzirki günde olaryň hemmesi zibile çümüşip otyrlar” diýip @UlushMirab teswir goşdy.

“Aha! Gülnara Karimowa olaryň hapa işlerine we haýýarlyklaryna şärik bolmandygy üçin indi olar basyş baryny ederler” diýip @hellsuffer ýazdy.

“Hüjüm ediberiň maňa!”

“Hüjüm ediberiň maňa!” diýip, Karimowa ýazýar. “O nämäň oýunymyş. Azatlyk we şwedler ýaly habar satyjylary kiçijik söwda dükanjagazjyklarydyrlar” diýip ol teswirlerine goşýar.

Şeýle-de ol, Ahmedow abraýdan gaçaly birä nirä barsa şol ýeriň toslamalaryň we spekulasiýalaryň çeşmesine öwrülendigini sözlerine goşup “ol haçan göseň bir ýerlerde entäp ýör, häzir bolsa Moskwada $$$)))” diýýär.

Twitterdäki birnäçe teswir Karimowanyň ýaşy agyp barýan kakasynyň prezidentlik kürsüsine geçmek arzuwy baradaky gürrüňlere-de ünsi çekýär.

Karimowanyň @amalprosto lakamly twitterdäki tarapdary şeýle diýýär: “Azatlyk Radiosynyň we şwed habar serişdesiniň iň esasy maksady Gülnara Yslamownany saýlawlardan çetletmek. Näçe saýlawlar ýakynlaşdygyça şonça-da ‘kompromat’ köp bolar”

Beýleki bir teswirde @RasidJamamurto şeýle zatlary otarýar: “Gülnara Karimowanyň halk arasynda şöhraty artýandygy üçin käbir syýasy güýçler oňa basyş edýärler.”

@meclark lakamly ulanyjy şeýle sözler bilen ýokarky teswiri makullaýar: “Özbegistanyň üsti bilen geopolitiki söweşler alyp barýanlar üçin (Orsýet bilen Birleşen Ştatlara kakdyrýar) samsyk hem lepbeýgullar gerek” .

Bu sözlere bolsa Karimowanyň özi degişensiräp jogap ýazýar: “Maňa ynan, şolar ýaly adamlar bar!)))” diýýär we sözüniň üstüni ýetirýär: “Siziň maňa düşünip meni goldaýanyňyza sagbolsun aýdýaryn mähribanlarym. Men halkyň arasynda başym dik, dilim uzyn gezip bilýänim üçin buýsanýaryn.”
XS
SM
MD
LG