Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgalada 11 adam ýaralandy


Şenbe güni Orsýetiň Dagystan respublikasynyň paýtagty Mahaçgalada janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 11 adam ýaralandy.

Ýerli häkimiýetler ýaralananlaryň parahat ýaşaýjylardan we polisiýa işgärlerinden ybaratdygyny aýdýarlar.

Maglumata görä, bu partlama Mahaçgaladaky içeri işler bölüminiň binasynyň golaýynda polisiýa işgärleri bir sürüjiniň dokumentlerini barlamakçy bolan pursady amala aşyrylypdyr. Partlamany amala aşyran sürüjiniň aýal maşgaladygy aýdylýar.

Şu geçen hepdäniň duşenbe güni hem Mahaçgala şäherinde maşyna ýerleşdirilen iki sany bomba partladylanda, dört adam ölüp, 40-dan gowrak adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG