Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat rekordlar kitabyna girdi


Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” internet saýty ýurduň paýtagty Aşgabadyň ak mermerlerden gurlan jaýlarynyň sany boýunça “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilendigini habar berýär.

Resmi maglumatda bu baradaky ýörite dökumenti Aşgabat şäheriniň häkimine gowşurmak üçin bu neşiriň baş redaktory Kreg Glendeýniň Aşgabada ýörite sapar bilen barandygy we şenbe güni bu dokumenti şäher häkimine gowşurandygy aýdylýar.

“Altyn asyr” saýtynyň maglumatyna görä, paýtagt Aşgabadyň 22 kwadrat kilometrlik meýdanynda daşy ak mermer bilen bezelen 543 sany täze bina ýerleşýär. Munuň özi dünýäde ak mermerli jaýlaryň iň köp jemelenen ýeri diýlip hasaplanylýar.

Mundan ozal Aşgabadyň etegindäki tele-radio merkeziniň täze gurlan diňindäki “Oguz hanyň ýyldyzy” diýlip atlandyrylýan gölüň ägirt uly arhitektura şekili, paýtagtyň merkezinde täze gurlan “Älem” atly äpet karusel we “Oguz han” adyndaky uly fontanlar toplumy hem “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilipdi.
XS
SM
MD
LG