Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girdi


Aşgabadyň ak mermerli täze binalaryndan bir topary.
Aşgabadyň ak mermerli täze binalaryndan bir topary.
Habar agentlikleri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ak mermerlerden gurlan jaýlarynyň sany boýunça “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilendigini habar berýär.

“RIA Nowosti” habar agentliginiň maglumatynda bu baradaky ýörite dokumenti Aşgabat şäheriniň häkimi Rejepgeldi Nurmämmedowa gowşurmak üçin bu neşiriň baş redaktory Kreg Glendeýniň Aşgabada ýörite sapar bilen barandygy aýdylýar.

Aşgabadyň ak mermerli täze binalaryndan bir topary.
Aşgabadyň ak mermerli täze binalaryndan bir topary.
Maglümata görä, şenbe güni bu waka bilen baglanyşykly Aşgabatda gurnalan ýörite dabarada Kreg Glendeýn bu dokumenti Aşgabadyň häkimine gowşurypdyr.

Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” internet saýtynyň maglumatyna görä, paýtagt Aşgabadyň 22 kwadrat kilometrlik meýdanynda daşy ak mermer bilen bezelen 543 sany täze bina ýerleşýär. Munuň özi dünýäde ak mermerli jaýlaryň iň köp jemelenen ýeri diýlip hasaplanylýar.

Kreg Glendeýn dabarada eden çykyşynda Aşgabatdaky bu binalaryň her biriniň we olardaky ak mermerleriň tutýan meýdanynyň öz guramasy tarapyndan anyk hasaba alnandygyny belläpdir.

“RIA Nowosti” habar agentligi Aşgabatda bu waka bagyşlanyp geçirilen dabarada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabady gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berlip, oňa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen adyň dakylýandygynyň-da yglan edilendigini habar berýär.

Aşgabatdaky ak mermerli täze binalardan biri.
Aşgabatdaky ak mermerli täze binalardan biri.
Mundan ozal Aşgabat dört gezek özündäki dürli täsin obýektler bilen baglanyşykly “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilipdi.

Hususan-da, Aşgabat beýikligi 133 metrlik baýdak diňi, şäheriň eteginde ýerleşýän teleradio merkeziniň diňindäki “Oguz hanyň ýyldyzy” diýlip atlandyrylýan gölüň ägirt uly arhitektura şekili, paýtagtyň merkezinde täze gurlan “Älem” atly äpet hiňňildik çarhy we “Oguz han” adyndaky uly fontanlar toplumy bilen hem “Ginnesiň rekordlar kitabyna” giripdi.

Bulardan daşary, Türkmenistan 2001-nji ýylda elde dokalan iň uly halysy bilen-de “Ginnesiň rekordlar kitabynda” hasaba alnypdy. Ululugy 301 kwadrat metrlik şol halynyň agramy 1.2 tonna deň.
XS
SM
MD
LG