Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Interpol” Orsýetiň haýyşyny ret etdi


Şenbe güni halkara “Interpol” agentligi britaniýaly millioner Wilýam Browderi halkara gözleg sanawyna goşmak barada Orsýetiň eden haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Orsýet “Hermitage Capital” atly britan kompaniýasynyň başlygy Wilýam Browderi salgyt gaplyklarynda we bikanun ýollar arkaly “Gazpromyň” 70 million dollarlyk aksiýasyna eýe bolmakda aýyplaýar.

Düýbi Fransiýada ýerleşýän “Interpol” agentligi Orsýetiň bildirýän aýyplamalarynyň esasan syýasy häsiýete eýedigini öňe sürmek bilen, “Interpolyň” bu işde Orsýete goldaw berip bilmejekdigini mälim etdi.

Wilýam Browderiň “Hermitage Capital” kompaniýasy 1995-2007-nji ýyllar aralygynda Orsýetde maýa ýatyrmak işleri bilen meşgullanypdy.

Wilýam Browderiň orsýetli adwokaty Sergeý Magnitskiý Orsýetiň käbir resmileriniň maliýe galplyklary bilen baglanyşykly işleri äşgär edenden soň, tussag edilipdi we 2009-njy ýylda tussaglykda aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG