Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hizbulla” ÝB-ne duýduryş berýär


Anna güni Liwanyň “Hizbulla” toparynyň başlygynyň orunbasary Şeýh Naim Kassem Ýewropa Bileleşiginiň öz toparyny “terror topary” diýip atlandyran halatynda, munuň Bileleşik üçin “uly ýalňyşlyk” boljakdygyny aýtdy.

“Al-Maýadiin” telewideniýesine beren interwýusynda Şeýh Naim Kassem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu barada atylýan haýbatyň öz toparyny uly bir alada goýmaýandygyny belledi.

Soňky günler “Hizbulla” toparynyň söweşijileriniň Siriýanyň režimine berýän goldawlarynyň kem-kem artmagy bilen, Fransiýa şu hepde “Hizbulla” toparyny “terror topary” diýip atlandyrmaklygyň tarapynda çykyş edip başlady.

Soňky wagtlar Ýewropa Bileleşigine agza Britaniýa bilen Germaniýa hem “Hizbulla” toparyny terror guramalarynyň hataryna goşmak teklipleri bilen çykyş edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG