Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Kusairde söweşler güýçlenýär


Siriýanyň Kusair şäherindäki bombalaýyşlyklardan soň köçelerden birinde emele gelen görnüş. Kusair, 20-nji maý, 2013.
Siriýanyň Kusair şäherindäki bombalaýyşlyklardan soň köçelerden birinde emele gelen görnüş. Kusair, 20-nji maý, 2013.
Habar agentlikleri şenbe güni Siriýanyň strategik taýdan möhüm şäheri hasaplanylýan Kusair şäherindäki söweşleriň has güýçlenendigini habar berýärler.

Siriýanyň döwlet mediasy şenbe güni prezident Başar al-Assada ygrarly harby güýçleriň oppozision söweşijileriň kontrollygyndaky bu şähere üç tarapdan hüjüm edip başlandyklaryny we görnetin öňe hereket edendiklerini habar berdi.

Oppozision söweşijiler hem bu wakalary tassyklap, Siriýanyň howa güýçleriniň özlerine garşy uly bombalaýyşlyk geçirendiklerini, şonuň yzy bilenem hökümet güýçleriniň we “Hizbulla” toparynyň söweşijileriniň bilelikde öňe tarap hereket edýändiklerini mälim etdiler.

Bu wakalaryň fonunda Türkiýäniň Stambul şäherinde Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy Ženewada planlaşdyrylýan halkara konferensiýasyndan öň birleşen front döretmek meselesi barada geçiren maslahatyny tamamlady.

Sabra çagyryş etdi

Şenbe güni Stambulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Siriýanyň Milli oppozision Geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Jorj Sabra ýurduň ilatyny oppozision söweşijilere goldaw bermeklige çagyrdy.

“Biz rewolýusiýanyň hataryndaky we ‘Azat Siriýa Armisýasy’ toparyndaky öz doganlarymyzy we uýalarymyzy Muhaýamiýa, Kusair we Damask şäheriniň töwereklerindäki öz doganlarymyza we uýalarymyza goldaw hem ýarag bermeklige çagyrýaryn” diýip, Jorj Sabra çagyryş etdi.

Milli oppozision Geňeşiň ýerine ýetiriji başlygy Jorj Sabra Kusair şäherinde hökümet güýçleri we “Hizbulla” toparynyň söweşijileri tarapyndan ýola goýlan häzirki hüjümleri “terrorçylyk” diýip atlandyrdy we halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň oppozisiýasyna talabalaýyk ýardam bermeýänlikde tankytlady.

Siriýanyň harby güýçleri ýurduň Homs şäheri bilen Liwanyň serhetleriniň aralygynda ýerleşýän Kusair şäherinden oppozision söweşijileri gysyp çykarmak boýunça operasiýalara bir hepde mundan ozal başlapdylar.

Bu soňky operasiýalar Başar al-Assadyň bu deňizýaka regionda öz kontrollygyny gaýtadan ýola goýmak synanyşygy bolup görünýär. Bu regionda esasan Başar al-Assadyň öz dini akymy bolan şaýy mejebinin alawidler toparyna degişli ilat ýaşaýar.

Soňky günler Birleşen Ştatlar bilen Orsýet barlyşyk meselesi boýunça Siriýadaky ähli syýasy toparlaryň wekillerini öz içine aljak halkara konferensiýasynyň gurnalmagyna çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG