Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Beýrutda iki raketa hüjümi boldy


Ýekşenbe güni irden habar agentlikleri Liwanyň paýtagty Beýrutda “Hizbulla” toparynyň kontrollygyndaky bir kwartala iki sany raketa okunyň atylandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu raketa hüjüminde azyndan dört adam ýaralanypdyr. Ýöne Beýrutyň bu kwartalyna atylan raketalaryň kim tarapyndan atylandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Bu wakadan bir gün öň Liwanyň “Hizbulla” toparynyň lideri Hassan Nasrullah öz toparynyň söweşijileriniň Siriýadaky oppozision söweşijilere garşy söweşmekde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunlaryna ýardam berýändigi barada resmi beýanat etdi.
XS
SM
MD
LG