Sepleriň elýeterliligi

Türkmen halysynyň güni bellenilýär


Garaşsyzlyk ýyllarynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen halysynyň güni bellenip geçilýär.

Bu baýramçylygyň bosagasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly käbir ussat halyçylara we halyçylyk pudagynyň işgärlerine “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen at dakmak barada ýörite permana-da gol çekdi.

Şeýle ada mynasyp bolanlaryň hatarynda Aşgabatdaky “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň halyçylyk boýunça tejribe we çeperçilik kärhanasynyň halyçysy Rozagül Geldimämmedowa, Esenguly etrabynyň halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sähragül Gurbanowa, Daşoguz etrabynyň halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Gurbangulyýewa we ýene birnäçe spesialist hem bar.
XS
SM
MD
LG