Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabady ösdürmek meselesi maslahat edildi


Aşgabadyň eteginde täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bir toplumy.

Aşgabadyň eteginde täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bir toplumy.

Şenbe güni Aşgabatdaky “Maslahat köşgünde” Aşgabat şäherini ösdürmekligiň perspektiwasyna bagyşlanyp, ýörite maslahat geçirildi.

Bu maslahat geçen hepde paýtagtyň gerimini giňeltmek we onuň infrastrukturasyny özgertmek meselesine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň özboluşly dowamy boldy.

Şenbe günki maslahata hökümet agzalaryndan daşary harby we hukuk goraýjy organlaryň, okuw jaýlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri-de çagyryldy.

Aşgabadyň göwrümi giňeldiler

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedow ýene paýtagtyň gerimini giňeltmek meselesi barada durup geçip, oňa Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň käbir ilatly punktlaryny we Abadan şäherini birikdirmek barada karara gelnendigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow bu göz öňünde tutulýan planyň aktiw ösüp barýan paýtagt Aşgabadyň häzirki talaplaryna we onuň töwereklerindäki ilatly punktlaryň sosial-ykdysady potensialyny ýokary götermek baradaky zerurlyklara laýyk gelýändigini öňe sürdi.

Aşgabatda gurulýan täze gurluşyk obýektlerinden biri.

Aşgabatda gurulýan täze gurluşyk obýektlerinden biri.

Türkmenistanyň prezidenti Ruhabat etrabynyň käbir ilatly punktlarynyň we Abadan şäheriniň paýtagta birikdirilen halatynda, Aşgabadyň göwrüminiň häzirkisinden iki esse töweregi ulaljakdygyny belledi.

Aşgabady giňeltmek barada göz öňünde tutulýan şu planlaryň çäklerinde Mejlisiň başlygy Akja Nerberdiýewa “Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň administratiw-territorial meseleleri” barada Mejlisiň ýörite karar kabul edendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu kararda Aşgabat şäherindäki we onuň töwereklerindäki käbir döwlet kärhanalarynyň, guramalarynyň we beýleki obýektleriň atlaryny üýtgetmeklik göz öňünde tutulýar.

Käbir özgerişlikler

Şenbe günki maslahatda Aşgabat şäheriniň häkimi Rejepgeldi Nurmämmedow Aşgabat şäheriniň iki sany etrabynyň adyny “berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň” ruhuna laýyklykda üýtgetmek baradaky teklibi paýtagtyň ýaşaýjylarynyň goldandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, bu maslahatda Aşgabat şäheriniň ozalky “Azatlyk” etrabynyň adynyň “Berkarar” diýen at bilen, Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabyň adynyň bolsa “Bagtyýarlyk” diýen at bilen çalşyrylýandygy yglan edildi.

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedow paýtagt Aşgabadyň simwolyna öwrüljek täze bir arhitektura-çeperçilik proýektini işläp düzmekligi-de teklip etdi.

Ol paýtagtyň simwolyna öwrüljek şeýle uly bir gurluşyk proýektiniň taslamasy boýunça ýörite tendenriň yglan edilmeginiň-de ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Ol bu tendere hödürlenjek proýektleriň metbugatda çap edilip, olaryň paýtagtyň ýaşaýjylary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkçinçilik berilmelidigini-de belledi.

Prezident Berdimuhamedow paýtagtyň ýaşaýjylarynyň iň köp sesini gazanan proýektiň-de iň soňunda ýeňiji diýlip yglan edilmeldigini aýtdy.

Käbir ýerli synçylar Aşgabadyň eteklerindäki obalaryň paýtagta birikdirilmeginiň oba ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýaramaz täzir ýetirmeginiň mümkindigini aýdyp, beýle çäreleriň düýpli taýýarlyklary talap edýändigini öňe sürýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG