Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa esgere edilen hüjümi derňeýär


Fransiýanyň häkimiýetleri şenbe güni Parižde bir esgeriň pyçaklanyp ýaralanmagy bilen baglanyşykly wakanyň Britaniýada bolan şuňa meňzeş waka bilen baglanyşygynyň bardygy ýa ýokdugy barada häzirlikçe belli bir zat aýtmaklygyň kyndygyny aýdýarlar.

Şenbe güni Parižde patrulçylyk çekýän bir esger näbelli bir adam tarapyndan pyçyklandy. Maglumata görä, bu hüjümi amala aşyran adama gaçyp gizlenmek başardypdyr.

Bokurdagyna pyçak ýarasy salnan esgeriň häzir keselhanadadygy we onuň janyna howp abanmaýandygy aýdylýar.

Geçen hepde Londonda hem bir britan esgeri yslamçy ekstremistler diýlip güman edilýän hüjümçiler tarapyndan paltalanyp öldürildi. Bu wakada güman edilýän üç adam Britaniýada tussag edildi.
XS
SM
MD
LG