Sepleriň elýeterliligi

Eýran Günbatary tankyt etdi


Ýekşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Fransiýany Eýranyň saýlawlary bilen baglanyşykly meselelere goşulyşmakda aýyplady.

Ýekşenbe güni Eýranyň mediasyna beren interwýusynda Ali Akbar Salehi “Günbataryň resmileri Eýranyň içeri işlerine goşulyşmaklyga çenli baryp ýetýän esassyz kommentariýalardan saklanmalydyr” diýip nygtady.

Geçen hepde Eýranyň Baş Kanunyny goraýjy Ruhanylar Geňeşi prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin isleg bildiren 686 adamdan diňe 8-sine bu saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga rugsat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranda saýlawlara dalaşgäre rugsat bermek prosesinde aç-açanlygyň ýoklugyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi. Eýrandaky bu prezidentlik saýlawlary 14-nji iýunda geçiriler.
XS
SM
MD
LG