Sepleriň elýeterliligi

Nowosibirsk: Iki musulman liderine ýyl kesildi


27-nji maýda Orsýetiň gündogar bölegindäki Nowosibirsk şäherinde iki musulman lideri, ekstremistik garaýyşlary propagandirlemekde aýyplanyp, şertli türme tussaglygyna höküm edildi.

Nowosibirskiniň şäher sudy duşenbe güni uniwersitetiň professory Ilhom Merazhowyň we Ymam Komil Odilowyň bir ýyl azatlykdan mahrum edilýändigi hakda höküm çykardy.

Aýyplama bildirilenleriň ikisi hem türk ruhanysy Said Nursiniň gadagan edilen Nurjylar hereketiniň ideologiýasyny ýaýratmakda günälenip, fewral aýynda suda çekilipdiler.

Agzalýan hereket Orsýetde 2007-nji ýylda gadagan edilipdi. Resmileriň aýtmagyna görä, Nurjylar hereketi türk dilinde geplenilýän territoriýalarda Yslam döwletiniň döredilmegini ündäp çykyş edýär.

Merazhow we Odilow özlerine bildirilýän aýyplamalary ret edip, suduň çykaran kararynyň gaýtadan gözden geçirilmegini talap etjekdiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG