Sepleriň elýeterliligi

HRW Bakuwy aýyplaýar


Human Rights Watch guramasynyň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň resmileri narkotiki serişdeleri saklamakda toslanan aýyplamalar bildirip, hökümeti tankytlaýanlary tussag edýärler.

Agzalýan guramanyň duşenbe güni beren maglumatlaryna laýyklykda, Raşad Ramazanow, Taleh Bagirow, Daşgin Malikow we Mahammad Azizow 2013-nji ýylyň maý aýyndan bäri aýry-aýry wakalarda aýyplanyp, tussag edilipdirler.

Human Rights Watch guramasynyň maglumatyna görä, bu adamlarda az mukdarda narkotiki serişdeleri tapylandygy aýdylyp, olar howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilipdirler.

Tussaglaryň aklawçylary olaryň hiç biriniň hem narkotiki serişdelerden peýdalanmaýandyklaryny aýdýarlar.

Human Rights Watch guramasynyň aýtmagyna görä, soňky iki ýylyň dowamynda Azerbaýjanyň hökümeti narkotiki serişdeleri we ýarag saklamakda, bidüzgünçilikde, şeýle-de halk arasynda tertipsizlik döretmekde aýyplama bildirip, aktiwistleriň, žurnalistleriň we hukuk goraýjylaryň onlarçasyny tussag etdi.

Agzalýan gurama beýle ýagdaýlaryň ýygylaşmagyny oktýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ýakynlaşmagy bilen baglanyşdyrýar
XS
SM
MD
LG