Sepleriň elýeterliligi

Astana: Onlarça protestçi tussag edildi


Gazagystanyň polisiýa işgärleri paýtagt Astana şäherinde açlyk yglan eden onlarça protestçini tussag etdi. Protestçiler özleriniň açlyk yglan edýändiklerini bildirýän şygarlary göterip, duşenbe güni hökümet jaýynyň öňüne gelipdirler.

Demonstrasiýa başlanyndan 20 minut geçensoň, ol polisiýa tarapyndan durzuldy. Bu protestler Gazagystanyň dürli künjeklerinden gelen raýatlar tarapyndan geçen hepdäniň sişenbe güni başlanypdy.

Demonstrantlar hökümetiň ipoteka kreditleriniň göterimleriniň aşa ýokary galandygyna üns bermegini talap etdiler.

Protestleri gurnaýjylaryň ikisi we bir žurnalist birnäçe günlük türme tussaglygyna höküm edilip, mundan başga-da, rugsatsyz demonstrasiýalara gatnaşandyklary üçin iki sany demonstranta jerime salnypdyr.
XS
SM
MD
LG