Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň geçjek köçesi bejerilýär


Şu günler Türkmenabat şäheriniň Ruhnama köçesinde ertiden agşama çenli dürli görnüşli bejeriş işleri alnyp barylýar. Bejeriş işleri sebäpli Nyýazow köçesinden Ruhnama köçesine çykylýan ýol ýapyk.

Ruhnama köçesiniň gündogar tarapyna geçmek üçin, ulaglar kiçeňräk aralyk ýollardan sürüp, ep-esli ýol geçmeli bolýarlar.

Alnyp barylýan bejergi işleriniň örän gyssaglydygyny hem görmek bolýar. Sebäbi bir köçede 3-4 edaranyň işlemegi her gün görülýän ýagdaý däl. Agyz suw bejeriş kärhanasy, şäher elektrik üpjünçilik edarasy we ýol gurluşyk edarasy Ruhnama köçesiniň ençeme ýyllardan bäri ellenmän ýatan kemçiliklerini düzedýärler.

Mundan başga-da bejergi işleriniň alnyp barylýan ýerinde agzalan edaralaryň başlyklaryny we şäher häkimliginiň resmilerini hem görmek bolýar.

Sebäbi

Näme sebäpden birden beýle işleriň başlanandygy bilen gyzyklanyp, şäher häkimliginiň bejeriş işlerine gözegçilik edýän bir resmisine ýüz tutanymda, ol wezipesini we adyny aýtmazlyk şerti bilen, bu edilýän işleriň düýp sebäbiniň ýakyn günlerde ýurt baştutanynyň Lebaba sapar edip, özünem edil şu köçeden geçjekdigi bilen baglydygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, Türkmenabada gelende, ýurt baştutany Ruhnama köçesiniň üsti bilen Bitarap Türkmenistan köçesine geçjekmiş. Şol sebäpden-de Ruhnama köçesiniň gyralaryna bordýurlar goýulýar, köçe asfaltlanýar we ýoluň iki gapdalyndaky binalaryň daş ýüzi düýpli bejerilýär.

Ýöne ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, Ruhnama köçesi tutuşlygyna bejergi planyna girizilmändir. Ol köçaniň diňe ýarpysy, ýagny diňe Bitarap Türkmenistan köçesine çenli bölegi bejerilip, galan böleginde henize çenli gymyldy göze ilenok.

Özüni Arslan diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky sürüji öz ulagynda Ruhnama köçesinden kän geçýändigini we eger şol köçe tutuşlygyna bejerilse, gowy boljakdygyny aýdýar: “Şu wagt Türkmenabadyň Ruhnama köçesinde ýol bejeriş işleri alnyp barylýar, ýöne köçäniň ýarysy, ýagny Kastandowa köçesine çenli bejerilýär, ýarysy dur, nämemiş, prezidentiň geçjek ýerleri bejerilmeli, aňyrsy bejerilmeli dälmiş, aňyrsynam bejerseler gowy bolardy”.

Onuň sözlerine görä, Ruhnama köçesiniň Bitarap Türkmenistan köçesini kesip geçýän we tä welaýatyň birinji köpugurly hasshanasyna çenli uzalýan böleginiň ýagdaýy gaty ýaramaz.

"Prezident geçenok..."

Şäher häkimliginiň bir ýolbaşçy resmisiniň efirde adynyň agzalmagyny islemedik sürüjisi munuň sebäbi prezidentiň Ruhnama köçesiniň gündogar bölegine geçmejeginden diýýär. Ol sürüji hem bejerilenine görä köçäniň beýleki böleginiň hem iň bolmanda asfaltynyň täzelenmeginiň tarapdary.

Şeýlelikde Ruhnama köçesinde alnyp barylýan düýpli bejeriş işleri şol köçäniň käbir ýaşaýjylaryny begendirýän bolsa, käbir ýaşaýjylarynyň lapyny keç edýär. Lapy keç bolýan ildeşimiz hem agzalan köçäniň gündogar tarapynda, ýagny bejerilmeýän böleginde ýaşaýanlardan biri.

Bejeriş işlerine gözegçilik edýän resminiň sözlerine görä, köçäniň bejerilýän böleginiň gyssagara taýýar edilmegi barada ýerli ýolbaşçylara ýokardan görkezme berlipdir.

Ruhnama köçesiniň käbir ýaşaýjylary bolsa, köçäniň bejergisiz galýan böleginiň ondan diňe prezident geçse bejeriljekdigini, ýogsa köçäniň galan böleginiň ýene köp ýyllap bejergisiz ýatjakdygyny ýaňzydýarlar.
XS
SM
MD
LG