Sepleriň elýeterliligi

Ak: "Türkmenler saýlawlar arkaly haklaryny almaly"


Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Mälim bolşy ýaly Eýranda ýerli mejlisleriň saýlawlary bilen bilelikde prezidentlik saýlawlarynyň taýýarlyklary gyzgalaňly alynyp barylýar. Eýran hem türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri.

Eýsem, ýerli mejlisler hem prezidentlik saýlawlaryna Eýranyň Türkmensähra sebitinde ýaşaýan türkmenleriň gyzyklanmalary nähilikä? Azatlyk Radiosy şeýle sowal bilen gyzyklanyp, Eýranyň Türkmensähra sebitindäki türkmenleriň il halar ýaşulysy Nurmuhammet Ak bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet Ak, Eýranda türkmenler saýlawlara nähili gatnaşýarlar we olaryň garaýyşlary nähili?

Nurmuhammet Ak: Eýranda türkmenler şa gidenden bäri hemme saýlawlara gatnaşyp gelýärler. Şeýlelik-de, şäher we oba mejlislerine wekil saýlaýanlar bilen bilelikde Eýranyň möçberindäki prezidentlik saýlawlaryna hem gowy gatnaşyp ýörler.

Azatlyk Radiosy: Eýranda golaýlap gelýän prezidentlik saýlawlarynyň türkmenlere nähili peýdasy bolar öýdýärsiňiz?

Nurmuhammet Ak: Saýlawlara gatnaşan mahalyň saýlananlardan [dalaşgärlerden] soň has arkaýyn haklaryňy we islegleriňi talap edip bolýar. Saýlawlara işjeň gatnaşman bir çetde ýatyp, saýlaw gutarandan soň prezidente talap bilen ýüzlenmeklik dogry däl diýip pikir edýärin. Şonuň üçinem Eýranda türkmenler üçin saýlawlara işjeň gatnaşmaklyk adam saýlamakdan hem has möhüm bolup durýar.

Erteki gün paýdan özüne düşeni alyp bilmeklik üçin bu zerur bir ýagdaý. Eýranda türkmenler üçin iki sany meýdan bar. Olaryň biri prezidentlik saýlawy bolsa, beýlekisi obadyr-şäherleriň mejlis wekilleriniň saýlawy. Türkmenler oba we şäher mejlislerinde näçe köp wekil saýlap bilse, prezidentlik saýlawlaryna bolan täsirini hem güýçlendirip bilýärler.

Şeýle ýagdaýda türkmenlere gerek zatlary ýokary derejelerde alyp bilmäge bir mümkinçilik döredýän basgançak ýa-da merdiwan ýasaýarsyň. Şeýle basgançagy ýasaman gönümel prezidentlik saýlawlaryndan bir zada garaşmaklyk türkmenler üçin bähbitli bolmaz diýip pikir edýärin.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.


Azatlyk Radiosy: Eýrandaky Türkmensährada türkmenleri aýdyşyňyz ýaly prezidentlik saýlawlary üçin möhüm rol oýnaýan obadyr-şäher mejlisleriniň saýlawlaryna nähili üns berýärler?

Nurmuhammet Ak: Türkmenler öz habar beriş serişdeleriniň üsti bilen gaty gowy gyzyklanma bildirýärler. Köpçülige maglumat berip durlar. Türkmenler öz ýaşaýan ýurdunda syýasy işlere goşulyşan mahaly özüne paý alyp bilýändigine we gyrada duran mahaly hiç zat edip bilmejekdigine düşünýärler.

Kä ýarym obadyr-şäher mejlislerinde Türkmensähra türkmenleriniň hem üç-bäş sany wekilleri bolýar. Adamynyň durmuşda islegi bir günde ýa-da bir pursatda bolmaýar. Maksada ýetmek üçin wagt gerek bolýar. Sabyr gerek we akyl bilen işlemeli. Der döküp, yhlas eden mahalyň hakyňy alyp bilýärsiň. Ýöne gykylyk bilen hiç zada ýetip bolanok.

Esasy kanunyň görkezýän ýörelgesindäki haklara eýe boljak bolsaň hökman saýlawlara goşulyşmaly bolýarsyň. Şeýle saýlaw ýagdaýlarynyň Eýranda hem aç-açanlyga we demokratiýa kän peýda ýetirer diýen tamamyz bar. Şu türkmenleriň arasynda oba we şäher mejlisleriniň wekilleriniň saýlawlary has gyzgalaňly geçip dur.

Syýasy, medeni we beýleki ugurlarda sepgitlere ýetiljek bolsa şeýdip saýlawlara gatnaşyp, bir ýöreljek ýol ýasap hereket edilmeli. Eger öz hakyňy almagyňa bir pursat döredilen bolsa ýa-da almaly hakyň bir çalaja ujy görünen bolsa ony hökman almaly.

Süýşüp, emedekläp, haýyş edip, garaz eýdip-beýdip şol haky aljak bolmaly. Uruş-söwüşsiz, ylalaşykly, gepleşip dialog bilen almaly. Ana şonda eýe bolan hakyň yzygiderli hem dowamly bolýar.
XS
SM
MD
LG