Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow siriýa gepleşikleri kyn diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň parahatçylyk konferensiýasyny gurnamagyň kyn iş bolandygyny aýtdy.

Lawrow duşenbe güni, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Parižde siriýa krizisi barada maslahat edeninden soň çykyp gürledi.

Birleşen Ştatlar we Orsýet Siriýanyň birnäçe aýry topardan ybarat oppozisiýa güýçleri bilen hökümetiniň Ženewada, halkara goldawy netijesinde, iýunda geçiriljek bolýan parahatçylyk konferensiýasy barada bilelikde tagalla edip başlady.

Kerri öz çykyşynda Waşington bilen Moskwanyň bu konfliktde himiki ýaraglaryň ulanylmak ähtimallygyndan alada edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG