Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Bir bomba 5 ofiseri öldürdi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda geçip barýan polisiýa patrolynyň golaýynda partlan bomba azyndan bäş ofiseri öldürdi.

Ýerli polisiýa duşenbe güni bolan hüjümiň Peşawaryň 230 kilometr çemesi demirgazygyndaky Şangla etrabynda, adaty patrol gözegçiligi wagtynda bolandygyny aýtdy.

Partlamada ölen ofiserleriň arasynda uly derejeli ofiser hem bar eken.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady, emma ýurduň demirgazyk-günbatarynda howpsuzlyk güýçlerini adatça talyban jeňçileri nyşana alýar.
XS
SM
MD
LG