Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žanaözende tutulan 6 adam boşadyldy


2011-nji ýylda Gazagystanyň günorta-günbataryndaky Žanaözen şäherinde bolan köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşany üçin ýyl iş kesilen 6 tussag azat edildi.

2011-nji ýylyň dekabrynda, Žanaözende nebitçi işçileriň protesti basylyp ýatyrylanda, polisiýa azyndan 16 adamy atyp öldüripdi.

Gazagystanyň Ýokary sudunyň şikaýat geňeşi sişenbe güni üç ýyl tussaglyga höküm edilen alty adamyň jeza möhletini iki ýyl şertli tussaglyk bilen çalşyrdy.

Geçen ýylyň iýunynda on ikiden gowrak adam Žanaözendäki bidüzgünçiliklere meçew bermekde aýyplanyp, üç ýyldan ýedi ýyla çenli aralykda türme tussaglygyny höküm edilipdi.

Žanaözeniň polisiýa resmileriniň bäşisi we öňki tussaghana gözegçisi bolsa bäş we ýedi ýyl aralygynda tussaglyga höküm edildi.

Olar pitne wagtynda öz wezipesini nädogry ulanmakda aýyplandy.

Geçen oktýabrda oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bidüzgünçilige meçew bermekde aýyplandy.
XS
SM
MD
LG