Sepleriň elýeterliligi

Bişkek sammiti başlady


Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň maslahaty. Moskwa. 2011 ý.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň maslahaty. Moskwa. 2011 ý.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (CSTO) iki günlük maslahatyna gatnaşmak üçin, gurama agza döwletleriň ýokary derejeli wekilleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege ýygnandylar.

Geçiriljek gepleşikleriň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda Siriýadaky graždanlyk urşunyň, şeýle-de NATO güýçleriniň Owganystandan çykmagynyň esasy üns merkezinde boljakdygy aýdylýar.

Maslahatyň ilkinji güni agza döwletleriň goranmak ministrleri bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirmek, terrorizme, ekstremizme we serhetýaka çaknyşyklara garşy durmak üçin taýýarlyk çärelerini görmek ýaly ylalaşyklary baglaşdylar.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň düzümine Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Belarus we Ermenistan girýär.

Guramanyň häzirki başlygy Gyrgyzystanyň goranmak ministri Taalaýbek Ömüraliýew öz çykyşynda, NATO güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglanyşykly, bloguň “harby potensialyny” ýokarlandyrmak ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Siriýa

Şol bir wagtda-da Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň daşary işler ministrleri ABŞ-nyň we Russiýanyň howandarlygynda hödürlenen Siriýa boýunça halkara konferensiýany geçirmek çagyryşlaryny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Sişenbe güni gurama agza alty döwletiň dördüsiniň baştutanlarynyň hem Bişkekde näresmi ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Olaryň dowamynda, esasan, Owganystandan Halkara güýçleriniň çykarylmagy bilen, sebitdäki döräp biljek howpsuzlyk ýagdaýlary maslahat ediler.

Belarusyň baştutany Aleksandr Lukaşenko Bişkek sammitine gatnaşmajakdygyny duýdurdy. Gyrgyz häkimiýetleri Lukaşenkony ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewe Belarusda gizlin gaçybatalga bermekde aýyplaýarlar. Gyrgyzystanda Bakyýewe birnäçe jenaýatda aýyplamalar bildirildi we onuň yzyna gaýtarylyp berilmegi talap edilýär.

Gowuşýan maglumatlara görä, Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan hem Bişkek sammitine gatnaşmaýar.
XS
SM
MD
LG