Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Russiýa ÝB-niň kararyndan "nägile"


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýa, Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa garşy girizilen ýarag embargosyny ýatyrmagynyň, parahatçylyk boýunça gepleşiklere “gönümel ýaramaz täsirini” ýetirjekdigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň oppozisiýasynyň garşysyna girizilen ýarag embargosynyň möhletini uzaltmazlygy karar etdiler. Şol bir wagtyň özünde-de Siriýadaky gozgalaňçylara dessine ýarag ugratmak barada netijä gelinmedi.

"Goşa standartlar"

Sişenbe güni Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow çykyş edip, Moskwanyň ÝB-niň gelen netijesinden “lapykeç bolandygyny” mälim etdi. Rýabkow Bileleşigiň meselä “goşa standartdan” çemeleşýändigini we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy girizilen gadagançylyklaryň saklanyp galýandygyny belledi.

Rýabkow: “Ýewropa Bileleşigi ýanyp duran oda nebit sepýär. Şeýle-de ol Siriýadaky konflikti syýasy ýollar arkaly çözmäge niýetlenen konferensiýanyň mümkinçiliklerine zeper ýetirýär. Aslynda ÝB munuň amala aşmagyna uly gyzyklanma bildirmeli”.

Şol bir wagtda Rýabkow Russiýanyň siriýa režimine S-300 kysymly raketa hüjüminden goranyş ýaragyny ýollamagyny goldap çykyş etdi. Rýabkow bu ýarag ulgamynyň Siriýadaky konflikti has ýaýbaňlandyrmak isleýän “kellesi gyzanlary” saklamalydygyny aýtdy.

AFP habar agentliginde Siriýanyň oppozisiýasynyň Milli koalisiýasynyň metbugat wekiliniň sözleri getirilip, ol ýerde Louaý Safi ÝB-niň kararyny “oňaýly ädim” hökmünde häsiýetlendirýär. Şol bir wagtda-da Louaý bu ädimiň “gaty kiçi we gaty giç bolmagyndan howatyr edilýändigini” belleýär.

ÝB-niň embargosy resmi taýdan maýyň ahyrynda gutarýar.

Konferensiýa

Siriýanyň oppozisiýasyna garşy girizilen ýarag embargosynyň ýatyrylmagy bilen birlikde Bileleşik Assadyň režiminiň garşysyna girizilen gadagançylyklary ýene-de bir ýyl uzaltmak barada karar çykardy.

Ýewropa Bileleşigi ýarag meselesine täzeden 1-nji awgustda, ýagny ABŞ-nyň we Russiýanyň howandarlygynda geçirilýän parahatçylyk konferensiýasynyň netijelerini nazara alyp, maslahat etjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar we Russiýa Siriýanyň birnäçe aýry-aýry toparlardan ybarat oppozision güýçleri bilen ýurduň hökümetiniň arasynda Ženewada halkara goldawy esasynda iýun aýynda geçirilmekçi bolunýan parahatçylyk konferensiýasyny taýynlamak boýunça bilelikdäki tagallalara başladylar.

Duşenbe güni Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Parižde siriýa krizisi barada maslahat geçirdi. Lawrow Siriýanyň parahatçylyk konferensiýasyny gurnamagyň kyn iş bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG