Sepleriň elýeterliligi

"Wkontakte" basyş astynda


Wkontakte sahypasynyň emblemalary

Wkontakte sahypasynyň emblemalary

Orsýetde giňden tanalýan sosial ulgam bolan "Wkontakte.ru" öten hepde gysga wagtlap hökümetiň gadagan eden saýtlarynyň gara sanawynda peýda bolanda, hemmeler geň galdylar.

Sebäbi ol ýeke dost-ýarlaryň özara habarlaşyp, bilelikde plan düzüşýän we edinen tejribelerini özara paýlaşýan saýty däl. Ol şol bir wagtyň özünde-de oppozisiýanyň ýurduň uzak regionlarynda öz işjeňligini ýola goýmak üçin ulanýan esasy platformalarynyň biri.

Döwlet telekom dolandyryjysy "Wkontakte" saýtynyň çaga pornografiýasyny bikanun ýaýradýan saýtlary ýok etimäge gönükdirilen gara sanawynda "tötanlikden" ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ýöne media analizçisi we oppozision blogçy Oleg Kozirew onuň "tötanden" gara sanawa girizilmeginiň bir maksat bilen edilendigini çaklýar. Ol bu barada şeýle pikiri aýdýar: "Men häzirki wagtda bu wakany ýaramaz manydaky sapak diýip atlandyrýaryn. Bu ors internet jemgyýetçiligine köpräk diýenedijiligi, azrak garaşsyzlygy we köpräk edepliligi öwretmek üçin edilýän synanyşyk".

"Gara sanaw"

Kozirew bilen beýleki internet aktiwistleri çagalary goramak üçin diýilýän gara sanaw kanunyndan häkimiýetler üçin problemaly saýtlara azar bermek, iň soňunda hem olary ýapmak üçin galp peýdalanylmagy mümkin diýip, köp wagtdan bäri duýduryp gelýärler.

"Wkontakte" 2006-njy ýylda 28 ýaşly sankt-peterburgly Pawel Durow tarapyndan guruldy. Ony günde 47 million adam ulanýar.

2011-nji ýylyň dekabr aýynda Döwlet Dumasyna geçirilen jedelli saýlawlardan soň Kremle garşy turan köpçülikleýin protestleriň yzysüre Durow FSB-niň oppozision toparlara saýtdan peýdalanmaga ýol bermezlik baradaky haýyşyny ret etdi. Edil şol wagt muňa derrew garşylykly reaksiýa görkezilmändi.

Ýöne soňra, aprel aýynda, Durow öz ulagy bilen ýol polisiýasynyň bir işgärini kakdy diýip, aýyplandy. Internetde hem bu wakanyň ýazgysy diýilýän bir wideoýazgy peýda boldy.

Ýurtdan çykdy

16-njy aprelde ”Wkontakte” kompaniýasynyň Sankt-Peterburgdaky baş ofisi polisiýa tarapyndan döküldi. Özüniň ulagynyň ýokdugyny aýdýan Durow ýurtdan gaçyp çykdy. Ony şondan bäri jemgyýetçilikde gören ýok.

”Wkontakte” kompaniýasynyň ofisi döküleninden bir gün soň Kremle ýakyn durýan hususy kompaniýa "United Capital Partners" Durowyň ýaranlarynyň ikisinden, has takygy Wýaçeslaw Mirilaşwili bilen Lew Lewiýewden olaryň kompaniýadaky 48 prosent paýyny satyn aldy.

”Wkontaktede” beýleki esasy paýdar – internet kompaniýasy "Mail.ru". 39.9 prosent paýa eýe bolan bu kompaniýa hem Kremle dostlukly garaýan maliýe magnaty Alişer Usmanow kontrollyk edýär.

Durowyň kompaniýada heniz-de 12 prosent paýy bar. Paýdarlar ylalaşygy boýunça ol "Mail.ru" kompaniýasynyň eýeçiligindäki paýlar tarapyndan hem ses berip bilýär.

"United Capital Partners" özüniň Durowy çalşyrmaga synanyşmajakdygyny mälim edýär. Ýöne internet aktiwistleri iň soňky maksadyň şoldugyny aýdýarlar.

Kozirew muny şeýle düşündirýär: "Bularyň ählisi internet saýtlary üçin bir howply atmosfera döretmegä gönükdirilen zatlar. Meniň pikirimçe, häzirki ugur, olaryň dolandyryjy toparlaryny çalşyrmak üçin, Orsýetiň internet çeşmeleriniň garaşsyz baştutanlaryna basyş etmäge gönükdirilen".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG