Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Brežnewiň heýkeli gaýtadan dikeldilýär


Sowet lideri Leonid Brežnew. Belarus.
Sowet lideri Leonid Brežnew. Belarus.
Orsýetiň häkimiýetleri sowet lideri Leonid Brežnewiň heýkelini onuň 30 ýyl ömrüni geçiren Moskwadaky jaýynyň öňünde gaýtadan dikmek baradaky planyň durmuşa geçirilmegini goldadylar.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň görkezmesi esasynda, bu inisiatiwa Moskwanyň häkimliginiň ýanyndaky komitet tarapyndan tassyklandy. Brežnewiň heýkeliniň Moskwada gaýtadan goýulmagyny goldaýanlar ýadygärligiň şu aýda dikeldilmegine garaşýardylar.

Ýöne häzirki wagtda hökümet başyndaky ”Bütewi Orsýet” partiýasynyň deputaty we bu proýektiň amala aşyrylmagynda möhüm rol oýnaýan Aleksandr Hinşteýn “Twitter” sosial ulgamy arkaly ýaýradan maglumatynda, heýkeliň Brežnewiň 107-nji doglan gününe gabatlanyp, dekabr aýyna ýetişdiriljekdigini aýtdy.

Duşenbe güni Hinşteýn Brežnewiň heýkelini taýýarlamak işiniň heýkeltaraş Aleksandr Rukawişnikowa tabşyrylandygyny aýtdy. Rukawişnikow mundan ozal Brežnewiň original heýkelini ýasan heýkeltaraşyň agtygydyr.

Brežnewiň şol heýkeli bir wagtlar Moskwanyň Kutuzowskiý prospektinde durýardy. Brežnewiň heýkelini Sowet Soýuzy dargandan dokuz ýyl soň aýrypdylar. Brežnew Kutuzowskiý prospektindäki jaýynda 1952-nji ýyldan başlap, tä aradan çykýança, ýagny 1982-nji ýylyň noýabr aýyna çenli ýaşady. Ol 76 ýaşynda ýogaldy.

Tankytçylaryň garaýyşlary

Ýöne tankytçylar, Brežnewiň 18 ýyl häkimýet başynda bolan döwrüni syýasy repressiýalar we ykdysady durgunlylyk döwri diýip atlandyryp, onuň ýadygärligini dikerlik hormata mynasyp däldigini aýdýarlar. “Memorial” hem-de adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bu inisiatiwanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn garşylyk görkezýärler.

Moskwa-Helsinki toparynyň ýolbaşçysy we weteranlaryň hukuklaryny goraýan aktiwist Lýudmila Alekseýewna bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Biziň ýolbaşçylarymyz sowet döwrüni küýseýärler we olar şeýle duýgulary küýseýän ýaşaýjylaryň isleglerine-de meçew berýärler. Meniň pikirimçe, liderleriň we adamlaryň geçmişe seretmekleri iň soňky edilmeli zatdyr. Men ýaşuly bolsam-da, ýaşlygymy Brežnewiň döwründe geçiren bolsam-da, şol döwürleri küýsämok. Men şowsuz sowet tejribämizden gutulanymyza begenýärin.”

Şeýle-de orsýetlileriň köpüsi Brežnewiň Orsýeti durnuklylyk bilen üpjün edendigine we 1970-nji ýyllarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Moskwanyň gatnaşyklaryny gowulaşdyrandygyna ynanyp, olaryň oňa alkyş aýdýandygyna garamazdan, Brežnew sansyz köp anekdotlaryň gülküsi bolup galýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Brežnewiň zamanasyny ýurt üçin “uly goşant” diýip atlandyrdy.

Garaşsyz “Lewada merkeziniň” geçen aý geçiren derňewleriniň netijesine görä, orsýetlileriň 56%-i Brežnewi XX asyryň beýik lideri hökmünde görýärler. Onuň yzyndaky orunlary bolsa Wladimir Lenin we Iosif Stalin eýeleýärler.
XS
SM
MD
LG