Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alty horwat resmisine höküm çykaryldy


Çarşenbe güni BMG-niň Haga sudy bosniýaly ozalky horwat syýasatçylaryndan we harby ýolbaşçylaryndan altysyny uruş jenaýatçylygy bilen bagly türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, Haga sudy 1990-njy ýyllarda Bosniýadaky uruşlarda uruş jenaýatçylyklaryny amala aşyranlykda günäli tapyp, olary 10 ýyl bilen 25 ýylyň aralygynda dürli mohletlere türme tussaglygyna höküm etdi.

Şol döwürde Bosniýada “Gersog-Bosna” ady bilen öz-özüniň özbaşdaklygyny yglan eden prowinsiýanyň lideri Ýadranko Prliçe 25 ýyl türme tussaglygy berildi.

Tussaglyga höküm edilen ozalky horwat resmilerinden altysam bosniýaly musulmanlary yzarlamakda, öldürmekde we olary güýç bilen öz ýaşaýan ýerlerinden deportasiýa etmekde günäli tapyldy.
XS
SM
MD
LG