Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýa barada rezolýusiýa garar


Çarşenbe güni BMG-niň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşi Siriýanyň režiminiň oppozision güýçlere garşy söweşde Liwanyň “Hizbulla” toparynyň söweşijilerini ulanmagyny ýazgaryjy rezolýusiýanyň taslamasyna garar diýlip garaşylýar.

Bu rezolýusiýanyň taslamasy BMG-niň bu Geňeşine Birleşen Ştatlar, Türkiýe we Katar tarapyndan hödürlendi.

Rezolýusiýanyň taslamasynda Siriýada daşary ýurtly söweşijileriň söweş alyp barmaklarynyň “regionyň durnuklylygyna çynlakaý howp abandyrýandygy” aýdylýar.

Şeýle hem, bu dokumentde Siriýadaky konfliktlerde ejir çeken graždan ilatynyň ýerleşýän ýerlerine Birleşen Milletler Guramasynyň we ynsanperwerlik guramalarynyň erkin hem-de päsgelçiliksiz ýagdaýda barmaklaryna ýol açylmagyna-da çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG