Sepleriň elýeterliligi

Talyplaryň harby gulluga alynýandygy aýdylýar


Türkmen ýetginjekleri harby gulluga alnyp barylýar.

Türkmen ýetginjekleri harby gulluga alnyp barylýar.

Internetdäki sosial ulgamlardaky maglumatlardan çen tutulsa, häzir daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda, Türkmenistana tomus kanikulyna baran ýigitleriň yzyna goýberilmän, mejbury ýagdaýda harby gulluga çekilýändigi barada gep-gürrüňler, gorky döräpdir. Bu maglumatlaryň gozgalmagyny, aýdyňlaşdyrylmagyny haýyş edip, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hem ençeme hatlar geldi.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýigitleriniň, tomusky dynç alşa gelenlerinde, harby gulluga alynýandygy baradaky maglumata Türkiýäniň “Dünýa bülteni” neşiri hem ünsi çekip, munuň ýurtda 12 ýyl bilim sistemasyna geçilmegi bilen, harby gulluga çagyrylýan ýigitleriň sanynyň kemelmegi bilen baglydygyny belleýär.

Bu baradaky maglumatlary beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmasa-da, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşary ýurtlardaky türkmen talyplary belli bir howatyrlaryň bardygyny aýdýarlar.

Gorky

Tatarystanyň Kazan şäherinde okaýan türkmen talyby Rahman bular sebäpli köp türkmen talyplarynyň aljyraňňy ýagdaýda galýandygyny gürrüň berýär. Rahman: “Bärdäki talyplar [Türkmenistana dolansalar], armiýa äkiderler diýip gorkýarlar. Elbetde, gulluk hem etmeli, emma bärdäki okuwyňa zyýan ýetjek. Talyplar okuwynyň ‘köýmeginden’ howatyr edýärler. Häzirki ýagdaýda olar näme etjegini hem bilenoklar”.

Türkmenistana baran talyplaryň täze daşary ýurt, ýagny biometriki pasportyny wagtynda almandygy hem, olaryň yzyna goýberilmeýändigi sebäplidir diýen pikirler hem orta atylýar.

Şol bir wagtda Stambul şäherinde okaýan bir türkmenistanly Kazandaky Rahmanyň pikirlerini tassyklap, daşary ýurtdaky talyp ýigitleriň harby gulluga alynýandygy baradaky maglumatlaryň Türkiýede bilim alýan türkmen talyplaryny-da howsala salýandygyny aýdýar. Efirde sesiniň berilmezlik şerti bilen ol “ejesiniň oňa jaň edip, tomus ýurda dolanmazlygy tabşyrandygyny” aýtdy.

Türkmenistandaky ene-atalaryň daşary ýurtlarda bilim alýan öz ogullaryna şeýle “sargydy” edendigini Kazanda bilim alýan Rahman hem belleýär: “Ene-atalar Russiýadaky ogullaryna ‘gelmäň’ diýýärler. Sebäbi aňyrda [Türkmenistanda] kynlyk bilen pul tapyp, çagalaryny okuwa ýollan ene-atalar, ogullarynyň okuwynyň köýmegini islänoklar”.

Ýokardaky agzalýan maglumatlar barada Türkmenistanyň degişli edaralaryndan hiç hili maglumat almak başartmady.

Türkmenistanyň kanunçylygy

Tatarystanda okaýan Rahman öz okaýan ýokary okuw jaýyndan studentdigi barada degişli güwanamany alyp baran talyplaryň hem harby gulluga alnandygyny nygtaýar.

Ol: “Biziň tanyş oglanlarymyz hem bar. Olar rektordan, prorektordan ýörite sprawka alyp, ony [türkmen häkimiýetlerine] görkezen hem bolsalar, olary güwanamalaryna, okuwyna garamazdan, harby gulluga äkidipdirler” diýýär.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň kanunçlygynda okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň harby gulluk çagyryşynyň möhletini yza süýşürmek hem göz öňünde tutulýar.

Hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew “Türkmenistanyň harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunyna salgylanyp, şeýle maglumatlary berýär: “26 ýaşyna çenli, ýagny 26 ýaşy dolýança, talyplara – ol ÝOJ-my ýa-da ýokary hünär okuw mekdebimi, muňa garamazdan, raýatlara harby gulluga çagyrylmak möhletini yza süýşürmek hukugy berilýär”.

Hukukçy žurnalist Baýryýew harby gulluga çagyrylmaly edilen talyplaryň ýurduň prokuraturasyna ýüz tutup, kanunyň berjaý edilmeýändigi barada şikaýat edip bilýändiklerini aýdýar.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew harby gulluk çagyryşynyň möhletini yza süýşürmek türkmen talyplarynyň daşary ýurduň haýsy ýokary okuw jaýynda bilim alýandygyna hem baglydygyny aýdýar.

Türkmenistanyň durumy näbelli, kommersiýa esasynda bilim berýän ÝOJ-lary ýa-da hünär berýän orta mekdepleri ykrar etmeýändigini hem Baýryýew ýatladýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy, Goranmak ministrligi bilen habarlaşanda, daşary ýurtlarda okaýan talyp oglanlaryň harby gulluga alynmagy bilen bagly maglumatlary tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG