Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan "ekstremizmi" jylawlamaga çalyşýar


Palestinaly iki ýaş gyz. 28-nji noýabr, 2012 ý.

Palestinaly iki ýaş gyz. 28-nji noýabr, 2012 ý.

Türkmenistanda hökümetiň yslam dinini öwrenýänlere edýän basyşy barada gaty az adam dil ýaryp bilýär.

Ýöne, efirde diňe adynyň tutulmagyna rugsat beren Merdan, öz derdini dünýä eşitdirmek isleýär. Onuň aýtmagyna görä, Merdan Saud Arabystanynda yslam dini boýunça aspiranturada okamaga başlaly bäri Türkmenistanda onuň maşgala agzalaryna haýbat atylýar.

Merdanyň özi bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Men Türkmenistandan gaýdanymdan soň, howpsuzlygyňkylar, meniň kakama “ogluňy yzyna getir” diýip aga-ini garyndaşlaryma basyş edip ugrapdyrlar. Olary çagyryp, sorag edip başlapdyrlar. Garaz, şeýleräk ýagdaýlar”.

Ol Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda indi Türkmenistana dolanmazlyk kararyna gelendigini we BMG-den bosgunlyk statusyny sorandygyny aýtdy. Dolanan ýagdaýynda özüniň tussag edilmeginden howatyrlanýandygyny bildirdi. Onuň agasy hem, 2009-njy ýylda Saud Arabystanyndan okuwyny tamamlap ýurda baransoň, tussag edilen ekeni.

Merdanyň başdan geçirmelerini we agasynyň tussag edilmegini, elbetde, birtaraply tassyklap bolmaz. Ýöne daşary ýurda gidýän başga adamlaryň-da, ýurda dolananlarynda, üstlerine gygyrylýandygy we her hili aýyplamalara uçraýandygy habar berilýär.

"Munyň näme? kimiňki bu? näme üçin getirdiň?"

Efirde familiýasyny bermedik Maýsa özüniň türkmen jorasynyň geçen tomusda türk aýallarynyň geýýän lybasyna meňzeş eşigini sumkasyna salyp, ýurda gidişini şeýle gürrüň berýär: “Meniň bir joram Türkiýede wagty [başatgy] örtünýärdi. Ol geçen ýaz Türkmenistana baranynda aeroportda onuň goşlaryny dörüpdirler. Türkiýede aýallar goly ýapyk, dyzyndanam aşaga çenli ýapyk geýinýärler. Şol meniň joram Türkiýede geýen eşigini ýany bilen alyp baran ekeni we Gümrük gullugynyň işgärleri onuň goşlarynyň arasynda şol geýimi görenlerinde, “munyň näme, kimiňki bu, näme üçin getirdiň?” diýip, soraga tutup başlapdyrlar. Ol gyzam näme gorkunjyna ejesine joralarynyň biriniň sowgat iberendigini aýdypdyr”.

Dini azatlyklar barada iş alyp barýan ”Forum 18” atly Norwegiýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan gurama türkmen syýahatçylarynyň ýurda dolananlarynda ýanlary bilen alyp baran dini esbaplarynyň konfiskasiýa edilendigi barada habarlaryň özlerine gelip gowuşandygyny aýtdy.

Şeýle wakalar türkmen häkimiýetleriniň öz däp-dessurlaryna esaslanýan yslama uýýan halkyny berk we talap ediji yslamdan çetleşdirmek üçin ulanýan çetin ýoludygyny görkezýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti “2012-nji ýyl üçin Halkara dini azatlyklar boýunça hasabatynda” türkmen hökümetiniň “zorluga we süteme alyp barýan dini toparlary ýurtda resmi taýdan gadagan edýändigini, emma berk kadalary bolan dini toparlary hem “ekstremistik” kategoriýa goşýandygyny” aýdýar.

Şu wagta çenli bu çetleşdiriş strategiýasy Türkmenistany Orta Aziýada yslam fanatizmi bilen baglanyyşykly göze görünýän problemalardan azat döwlet hökmünde saklamaga peýda eden bolmagy ahmal. Ýöne şeýle jezalandyryjy usul adamlarda ýigrenç duýgusyny döredip, soňlugy bilen radikalizmiň döremegine getirip biler.

Hökümetiň garşysyna döremegi ahmal toparlar

”Forum 18-den” Feliks Körli geljekde döremegi ähtimal bu howpy şeýle düşündirýär: “Eger-de hökümet, hakykatdanam, jemgyýete howp bolup biljek adamlary elekden geçirmän, hemmäni biraýakdan sürüp, asudalykda, döwlet häkimiýetine howp salmazdan, öz dinini ýöredýän adamlara-da gorkuly garap başlasa, onda gelejekde hökümetiň garşysyna gitmegi ahmal toparlaryň döremegi mümkin”.

Käbir ýaş musulmanlar hökümetiň diňe döwlet tarapyndan gurlan metjitlerde, ýa-da bolmasa öýde ybadat etmeli diýen kanunyny kabul etmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy uniwersitetleriň birinde kiçeňräk bir otagda gizlinlikde üýşüp ybadat edýän talyplar toparynyň üstünden bardy. Olar otagy ybadathana öwürmek üçin ilki bilen hemme ýerden bakyp duran Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diwardan asylan portretini aýyrmalydylar.

Gürrüňi edilýän talyplar, eger suratly otagda ybadat etseler, dini kada-kanunlaryň ýerine ýetirilişi dogry bolmaz diýip gorkupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde, eger-de diwardaky portreti aýyrsalar, prezidenti äsgermeýän ýaly bolar diýip hasaplapdyrlar. Netijede, portret sebäpli jenaýata çekilmek gorkusy bolany üçin, suratyň üstüni mata bilen ýapyp, ybadatlaryny berjaý edýän ekenler.

Adamlardan doly metjitler

Aşgabadyň yslamçylar babatdaky hüşgärliginiň düýp sebäbi, energiýa resurslary taýdan baý, emma ýönekeý halky şol bir garyp çatmasynda ýaşadýan Türkmenistanda diniň rowaçlanmagyna getirýär. Bu günki günde şäherlerde we şäherçelerde bina edilen metjitleriň adamdan hyryn-dykyn dolýandygyna ynansa bolar.

Sowet Soýuzy dargaly bäri garaşsyz Türkmenistanda metjitlerde beýle köp adam görülmändi. Aşgabadyň Ärtogrul gazy metjidinde anna günki namaz üçin şeýle bir köp adam ýygnanýar welin, ýol-gözegçilik polisiýasy metjidiň töweregindäki ýollary ýapmaly bolýar.

Hökümet uly şäherlerde we şäherçelerde birnäçe täze metjidiň gurulmagyna kömek etmek bilen, ýurtda diniň galkynmagyna ýardam berdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de hökümet Türkmenistanda diňe däp bolan sünni yslamyň ýöredilmegine rugsat etmek bilen çäklendi. Türkmenistanda däp bolan yslam tasawuffçy ahunlardan we ýerli medeniýetden täsirlenendir.

Döwletiň öz raýatlarynyň hukuklaryny çäklendirmesi baradaky gürrüňi dowam etsek, onda hökümetiň diňe döwlet tarapyndan hasaba alnan dini toparlaryň ýurda öz neşirlerini girizmegine rugsat berýändigini hem belläp bileris.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň “Dini azatlyklar boýunça hasabatyna” ser salsak, hatda şol hasaba alnan toparlar hem öz neşirlerini ýurduň içine getirmek üçin seýrek ýagdaýda rugsat alyp bilýärler.

Haja gitmäge çäklendirmeler

Şeýle-de Aşgabat her ýylda haja gitmeli adamlaryň sanyny hem çäklendirýär. Ýylda kiçijik bir uçara sygýan adamlaryň, ýagny 188 adamyň haja gitmegine rugsat berilýär. ”Forum 18-iň” hasabatyna görä, uly metjitleriň ymamlarynyň biri oktýabrda gizlinlikde beren gürrüňinde hiç bir musulman öňbaşçysynyň hajylaryň sanyny köpeltmäge rugsat sorap, hökümete ýüz tutmaga bognunyň ysmaýandygyny aýdypdyr.

Emma häkimiýetleriň yslamyň beýleki akymlaryny çäklendirmekde äden iň bir aç-açan ädimi – Türkmenistanda 2011-nji ýylda merkezi Türkiýede ýerleşýän dini akymyň mekdepleriniň ýapylmagydyr. Ady agzalýan hereket dini alym we awtor bolan Fethullah Güleniň ýolbaşçylygyndaky dini akymdyr.

Gülen häzirki günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýar. Onuň esasy ýörelgesi dürli dinleriň arasyndaky dialog we parahatçylykdyr. Fethullah Gülen Türkiýede respublikan döwleti dolandyryş sistemanyň deregine yslamçy dolandyryş sistemany getirmekde aýyplanyp, jenaýat suduna çekilipdi, emma ol 2006-njy ýylda aklandy.

Türkmen häkimiýetleri mekdepleri näme üçin ýapandyklarynyň sebäpleri barada il-güne hiç zat aýtmadylar. Emma Gülen hereketini ýurtdan kowansoň, hökümet şol bir mekdepleri türkmen mugallymlar bilen täzeden açdy we olarda-da beýleki orta mekdeplerde öwredilýän okuw programmasy ulanylyp ugrady.

Bu günki gün türkmenistanly musulmanlar ynanç meseleleri barada söhbet etmek üçin interneti saýlap alana meňzeýärler. Bu olaryň din meselesinde resmi häkimiýetlerden gaça durýandygyny aňladýar.

Facebook sosial ulgamynyň ors wersiýasy bolan ”Vkontakte” sosial saýtynda yslam barada pikir alyşylýan azyndan üç sany türkmen sahypasy bar. Şol sosial sahypalarda, esasanam, jemgyýetde aýalyň orny, hyjabyň ähmiýeti, jyhadyň manysy ýaly temalar boýunça pikir alşylýar. Bu meseleler Türkmenistanda döwletiň goldawyndan peýdalanýan dini liderler tarapyndan kän agzalmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG