Sepleriň elýeterliligi

Astanada üç ýurduň liderleri duşuşdy


Çarşenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada Gazagystanyň, Belarusyň we Orsýetiň prezidentleri Ýewroaziýa Baş Ykdysady Geňeşiniň sammitine ýygnandylar.

Ýewroaziýa Baş Ykdysady Geňeşi bu üç ýurduň gümrük bileleşiginiň dolandyryjy organy bolup durýar.

Bu sammitiň öňýany prezident Putin bilen prezident Nazarbaýew özara gepleşik geçirip, Orsýet bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselelerini maslahat etdiler.

Astanadaky häzirki sammitiň gün tertibindäki esasy meselelerden biriniňem 2015-nji ýyla çenli “Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşigi” ady bilen täze bir ykdysady bileleşigi döretmek meselesidigi habar berilýär.

Maglumata görä, sammitden soň bu üç ýurduň liderleri Astanada Gyrgyzystanyň we Ukrainanyň prezidentleri bilen-de gepleşik geçirerler.
XS
SM
MD
LG