Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Talybanyň bir lideri öldürildi


Çarşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugy ýerli talyban çeşmelerine salgylanmak bilen, üsti pilotsyz amerikan uçarynyň geçiren hüjüminde pakistanly talyban söweşijileriniň lideriniň orunbasary Waliur Rehman Mehsudyň ölendigini habar berdi.

Bu maglumata görä, Pakistandaky talybanlaryň lideri Hekimullah Mehsudyň orunbasary hasaplanylýan Waliur Rehman Mehsud sişenbe güni agşam Demirgazyk Weziristan regionyndaky Çaşmapul obasynda geçirilen howa hüjüminde heläk bolupdyr.

Mundan ozal Amerikanyň Birleşen Ştatlary Pakistandaky bu talyban liderlerinden her biriniň ele salynmagyna ýa-da öldürilmegine ýardam etjek maglumat üçin 5 million dollar pul sylagynyň beriljekdigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG