Sepleriň elýeterliligi

Assad: Orsýetiň “S-300” raketalary gelip başlady


Orsýetiň uçara garşy "S-300" raketa sistemalary.

Orsýetiň uçara garşy "S-300" raketa sistemalary.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Damaska Orsýetden iberilen kämilleşdirilen howa gorag sistemalarynyň birinji tapgyrynyň gelip gowşandygyny aýdýar.

Hizbollanyň eýeçiligindäki "Al-Manar" telewideniýesi Assadyň penşenbe güni efire berilmeli interwýusynda “S-300” raketalarynyň galan böleginiň hem basym gelip ýetjegini aýdandygyny habar berdi.

Şeýle-de Assad indi uruş howasynyň üýtgeýändigini sözüne goşupdyr.

Orsýet özüniň siriýa hökümetine uçara garşy “S-300” raketalaryny bermek baradaky kararyna gorap çykyş etdi. Moskwa bu raketalaryň Siriýa daşary ýurtlardan harby interwensiýa edilmeginiň öňüni almaga kömek etjegini aýdýar.

“S-300” raketa sistemasy uçarlary, ganatly we ballistik raketalary urup ýykyp bilýär. Bu sistemalaryň oturdylan her bir maşyny dört sany raketa konteýnerini göterýär.

Ekspertler “S-300” raketalarynyň ulanylmak ähtimallygy bu konfliktde ýagdaýy üýtgedip biler diýýärler.

Sebitdaki dartgynlylyk

Bu hili raketalaryň getirilmegi Ysraýyl bilen aradaky dartgynylyklary has-da güýçlendirer diýen gorkyny köpeldýär. Ysraýyl geçen aý Hizbolla üçin niýetlenen diýip hasaplanýan ýaraglary ýok etmek üçin Siriýanyň içine howa zarbalaryny urmaga başlapdy.

Siriýanyň gozgalaňçy lideri penşenbe güni irden Hizbollany öz ýurduny “basyp almakda” aýyplady.

General Selim Idris BBS-ä beren interwýusynda Liwanyň şaýy milisiýasynyň 7 müňden gowrak söweşijisiniň Assada ýaranlykda, gozgalaňçylaryň elindäki Kusaýr şäherine garşy hüjüme gatnaşýandygyny aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi çarşenbe güni režim güýçleri bilen Hizbolla söweşijileriniň Kusaýrdaky eden-etdilikleri barada aýdylýanlaryň gyssagly derňelmegine çagyrdy.

Birleşen Ştatlar, Türkiýe we Katar tarapyndan goldanan rezolýusiýada bolsa, Siriýada Assady goldaýan daşary ýurt söweşijileriniň saklanmagy ýazgarylýar.

ABŞ Hizbolla Siriýadan çyk diýýär

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti çarşenbe güni Liwanyň Hizbolla milisiýasynyň Siriýa iberen söweşijilerini derhal yzyna çykarmagyna çagyrdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Hizbolllanyň Siriýanyň içine söweşiji ibermeginiň “kabul ederliksiz” we "howpludygyny" aýtdy.

"Biz Hizbollanyň Siriýadaky söweşijilerini derrew yzyna çykarmagyny talap edýäris. Biz soňky günlerde bolan birnäçe serhetaşa howpsuzlyk hadysasy baradaky habarlardan çuňňur alada edýäris. Şeýle-de biz düýn Arsalyň golaýynda liwan goşunynyň barlag nokadyna edilen we üç esgeri öldüren elhenç hüjümi ýazgarýarys" diýip, Psaki aýtdy.

Damaska “S-300” raketalarynyň getirilmegi Birleşen Ştatalar bilen Orsýetiň howandarlygynda Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi has-da kynlaşdyrar öýdülýär.

Özara aýyplamalar

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni siriýa oppozisiýasyny, Assadyň syýasy prosesden çykarylmagyny şert edip goýmak bilen, halkara derejesinde teklip edilýän parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegini kynlaşdyrmaga çalyşmakda aýyplady.

Şu aralykda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Başar al-Assadyň pesinden 2014-nji ýyldaky saýlawlara çenli prezident bolup galjagyny we ýene bir möhlete prezident bolmaga synanyşyp biljegini aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissari Nawi Pilleý Ženewada çykyp gürläp, Siriýanyň raýat urşy asuda ilatyň goragyny üpjün etmekde ullakan başarnyksyzlyk görkezdi diýdi.
XS
SM
MD
LG