Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: HGHK-niň edarasyna hüjüm edildi


Çarşenbe güni Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabad şäherinde janyndan geçen iki sany hüjümçi Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň ýerli edarasynyň howlusynda partlama amala aşyrdy. Partlamalarda bir ýerli owgan sakçysy öldi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, hüjümiň başynda janyndan geçen hüjümçileriň biri Gyzyl Haç Komitetiniň edarasynyň derwezesini partladypdyr. Ikinji hüjümçi özüni partlatmazdan ozal owgan harbylary bilen atyşyga giripdir.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Şu çaka çenli owganystanly talybanlar Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň işgärlerine öz programmalary boýunça iş alyp barmaklyga aýratyn bir päsgel bermän gelýärler.
XS
SM
MD
LG