Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa Orsýetden raketalaryň gelendigini aýdýar


Penşenbe güni Liwanyň telewideniýsi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň sözlerine salgylanmak bilen, Siriýanyň režiminiň Orsýetden ösen howa gorag sistemasyny alandygyny habar berdi.

Liwanyň “Al-Manar” telewideniýesiniň bu maglumatynda Siriýanyň häzirlikçe Orsýetden “S-300” kysymly gorag raketelarynyň bir tapgyryny alandygy we olaryň galan tapgyrynyň hem ýakyn wagtlarda Siriýa barjakdygy aýdylýar.

Orsýet özüniň Siriýa “S-300” kysymly gorag raketelaryny bermegini bu ýurdy islendik bir daşary ýurt harby interwensiýasyndan goramak maksatlary bilen düşündirýär.

Hepdäniň çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Liwanyň “Hizbulla” toparyny öz söweşijilerini Siriýadan haýdan-haý çykarmaklyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG