Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Jeňçi ölüminiň mümkin bolan netijeleri


"Talyban" serkerdesi Wali Rahman Mehsud, 4-nji oktýabr, 2009 ý.

"Talyban" serkerdesi Wali Rahman Mehsud, 4-nji oktýabr, 2009 ý.

Pakistanyň "Talyban" güýçleriniň ýokary derejeli bir serkerdesiniň ölümi bu ekstremistik hereketiň işlerine agyr zarba bolup deger diýip pikir edilýär.

TTP diýlip tanalýan "Tehreek-e Taliban Pakistan" hereketiniň baş serkerdesiniň orunbasary bolan Wali-ur Rahman Mehsudyň 29-njy maýda Pakistanyň demirgazyk-günbatar welaýatynda Birleşen Ştatlar tarapyndan pilotsyz uçar arkaly urlan zarbada öldürilendigine ynanylýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugy, ýerli we TTP-niň çeşmelerine salgylanyp, Rahmanyň demirgazyk Weziristanyň Çaşmapul obasynda öldürilendigini habar berdi.

Rahmanyň we onuň bilen birlikde ýene bäş söweşijiniň bu zarbada öldürilendigi "Tehreek-e Taliban Pakistan" hereketi ýa Pakistan hökümeti tarapyndan entek tassyklananok.

Jeňçiniň öldürileni çyn bolsa...

Rahmanyň ölendigi çyn bolsa, onda bu TTP-niň öz esasy strategini, Pakistanyň döwlet syýasatyndan baş çykarýan, maliýe serişdelerini toplamaga, şeýle hem Owganystanda, Pakistanda we bulardan aňyrda-da uly hüjümleri ýola goýmaga ukyply işgärini ýitirdigi bolar.

42 ýaşly Rahman TTP-niň dini meselelerde resmi taýdan ykrar edilýän sanlyja ýolbaşçylarynyň biridi. Tanymal "Jamiat-e Ulam-e Islam" partiýasynyň öňki agzasy hökmünde ol syýasy taýdan täsirli şahsyýet hasaplanýardy.

Pensiýa çykan pakistanly general Mehmud Şah TTP-niň agzalarynyň Rahmana dini bilimi we ýokary abraýy üçin "Maulwi" we "Müfti" diýip, ýüzlenendiklerini aýdýar: "Onuň ýitgisi ”Talybanyň” dini meseleler boýunça düşünjesi öran möhüm bolan bir simwolik şahsyýeti elden berendigini aňladýar. Indi yslamyň ýuridiki işleriniň çylşyrymly meselelerini çözmek üçin olaryň hatarlarynda ýüz tutar ýaly adam ýok".

Maşaal radiosynyň habarçysy Sailab Mehsud Rahmanyň bu toparyň düýbüni tutan Baýtullah Mehsudyň ýakyn ýarany bolany üçin TTP-niň hatarlarynda köp hormatlanandygyny aýdýar. Baýtullah Mehsud hem 2009-njy ýylda bir pilotsyz uçaryň uran zarbasynda öldürildi.

"Bişişen şahsyýet"

Mehsudyň bellemegine görä, Rahman köplenç ýaş söweşijilerden durýan guramanyň içinde oýlanyşykly, bişişen şahsyýet bolupdyr. Bu ýagdaý oňa abraý getiripdir hem-de TTP-niň hatarlaryndaky oňuşmazlyklary çözmäge mümkinçilik beripdir.

"Onuň ölüminiň ”Talyban” güýçleriniň dürli toparlarynyň arasyndaky tapawutlary artdyrmagy mümkin. Sebäbi onuň ”Talybanyň” içindäki topary, ýagny TTP-niň içindäki aratapawutlary barlap, olary jylawlamaga, beýleki ”Talyban” toparlary bilen iş salyşmaga ukyply şahsyýet indi ýoga meňzeýär" diýip, Maşaal radiosynyň habarçysy Mehsud aýdýar.

Mehsudyň aýtmagyna görä, Rahmanyň ölümi ”Talyban” güýçleriniň maliýe ýagdaýyna zarba bolup deger. Mehsud: "Rahman Pakistanyň günorta port şäheri Karaçidäki talaňçy toparyň üsti bilen TTP hereketine pul getirýärdi" diýýär.

Mehsuduň sözlerine görä, bank talaňçylygy we adam ogurlap, pul almak boýunça ýöriteleşen bu toparyň gazanan pullary bilen TTP tarapyndan amala aşyrylýan hüjümler maliýeleşdirilipdir.

Pakistan hökümeti bilen demirgazyk-günbatar Hiber Pahtunhwa welaýatynyň ýerli hökümeti köp wagt bäri Pakistan hökümetine garşy gozgalaň alyp barýan TTP bilen gepleşik geçirmegi niýet edinýändiklerini bildiripdiler.

Mehsud, indi Rahmanyň ýoklugynda, bu niýet aňsat ýol almaz diýýär. Ýöne Şah bu pikir bilen ylalaşanok. Ol: "Talyban” [TTP] bu ölüm sebäpli öz güýçleriniň gowşandygyny duýsa, onda TTP-niň bu gepleşiklere gowy garamagy mümkin. Beýle bolsa, onda bu onuň öldürilmeginiň oňaýly netije berdigi bolar" diýýär.
XS
SM
MD
LG