Sepleriň elýeterliligi

Kosowa dawasy sebäpli sammit ýatyryldy


Penşenbe güni Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow “Günorta-Gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk prosessi” ady bilen planlaşdyrylan sammitiň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

Muňa bu sammite Kosowanyň gatnaşdyrylmaýandygy bilen baglanyşykly waka sebäp boldy. Albaniýa bilen Horwatiýa Kosowanyň bu sammite gatnaşdyrylmaýandygyna protest bildirip, oňa özleriniň-de gatnaşmajakdyklaryny yglan etdiler.

Bu sammiti 1-2-nji iýunda Makedoniýanyň deňiz ýakasyndaky Ohrid şäherinde geçirmeklik planlaşdyrylypdy.

Günorta-Gündogar Ýewropa hyzmatdaşlygy toparyna girýän ýurtlaryň sammitlerine Kosowa şu çaka çenli hem çagyrylmaýardy. Sebäbi bu topara girýän Serbiýa, Gresiýa, Rumyniýa, Moldowa we Bosniýa şu çaka çenli Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýärler.

Kosowa 2008-nji ýylda birtaraplaýyn ýagdaýda Serbiýadan özüniň garaşsyzlygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG