Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda prezidenti parlament saýlar


Penşenbe güni Orsýetiň Dagystan respublikasynda bu respublikanyň prezidentini saýlawçylaryň ses bermegi bilen saýlamak düzgüni ýatyrylyp, ony parlament tarapyndan saýlamak düzgüni girizildi.

Bu baradaky kanun düzgüni penşenbe güni Dagystanyň parlamenti tarapyndan tassyklandy. Şu aýyň başynda Inguşystanyň parlamenti hem bu respublikanyň prezidentiniň saýlawy barada hut şeýle düzgüniň girizilmegini öňe sürýän kanunyň taslamasyny taýýarlapdy.

Geçen aý Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň oblastlarynyň we awtonom respublikalarynyň liderleriniň ýerli geňeşler hem-de parlamentler tarapyndan saýlanmaklaryna rugsat beriji täze kanuny düzgüne gol çekipdi.
XS
SM
MD
LG