Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz protestçileri ýoly bagladylar


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň günortasyndaky altyn magdan känine barýan transport ýolunyň ugrunda dowam edýän protest demonstrasiýasy sebäpli ol ýerdäki magdan kompaniýasy özüniň çynlakaý kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylardan we oppozision aktiwistlerden ybarat ýüzlerçe protestçi Kumtor altyn känine barýan transport ýolunyň ugruny baglap, altyn gazyp almak bilen baglanyşykly daşky sreda ýetirilen zyýanyň öwezine Kanadanyň “Centerra gold company” atly magdan kompaniýasyndan kompensasiýa talap etmeklerini dowam etdirýärler.

Düýbi Kanadada ýerleşýän bu magdan kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Eldar Tajibaýew ýoluň baglanmagy zerarly kompaniýanyň işgärleri üçin zerur bolan azyk önümleriniň we ýangyjyň zapasynyň sanlyja güne ýetmeginiň mümkindigini aýdýar.

Şu ýylyň fewralynda Gyrgyzystanyň parlamenti Kanadanyň bu kompaniýasy bilen 2009-njy ýylda baglaşylan ozalky şertnamanyň şertlerine täzeden garamak üçin ýurduň hökümetine üç aý möhlet beripdi.
XS
SM
MD
LG