Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly dalaşgärler çekişme geçirýär


Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmäge rugsat alan sekiz dalaşgäriň sekizisi hem anna güni ýurduň telewideniýesinde özara çekişme geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu çekişmelerde dalaşgärler ýurduň ykdysadyýeti, daşary syýasaty we ýadro programmasy ýaly möhüm meseleler boýunça öz garaýyşlary bilen çykyş ederler.

Şu ýylyň 21-nji maýynda Eýranyň Baş Kanunyny goraýjy Ruhanylar Geňeşi prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildiren 700 töweregi adamdan diňe 8 adama bu saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga rugsat berdi. Eýrandaky bu prezidentlik saýlawlary 14-nji iýunda geçiriler.
XS
SM
MD
LG