Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz raýonynda komendant sagady girizildi


Anna güni Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurduň demirgazygyndaky Jeti-Oguz raýonynda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilýändigini yglan etdi.

Muňa anna güni bu raýonda protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň arasynda ýüze çykan çaknyşyklar sebäp boldy.

Bu raýonda soňky günler ýerli ýaşaýjylaryň müňlerçesi Kumtor altyn känini özleşdirýän Kanadanyň kompaniýasyndan kompensasiýa talap edip, demonstrasiýa geçirýärler.

Penşenbe güni giçlik protestçileriň bir topary ýerli elektrik stansiýasyny gabap alyp, Kumtor magdan merkezine barýan elektrik energiýasyny kesdiler. Jeti-Oguz raýonyndan Kumtor magdan merkezine barýan transport ýoly-da protestçiler tarapyndan birnäçe günläp baglandy.

Bu wakanyň bolan ýerinde häzirlikçe agşam sagat 21:00 bilen ir sagat 6:00 aralygynda komendant sagadynyň girizilýändigi yglan edildi.
XS
SM
MD
LG