Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-türk gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri


Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary
Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary
Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-türk gepleşikleriniň çäginde prezident Abdulla Gül Türkiýäniň türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak bilen bagly taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistandan Türkiýä tebigy gazy akdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk meselesinde türkmen we türk hökümetleriniň arasynda çarçuwaly ylalaşyk hem baglaşyldy diýip, resmi metbugat habar berýär.

Eýsem, bu baradaky gürrüňleriň iş ýüzünde durmuşa geçmegi üçin şertler barmy? Azatlyk Radiosy Azerbaýjanyň Nebit barlaglary merkeziniň başlygy Ylham Şaban bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmen gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrmak baradaky mümkinçilige siz nähili garaýarsyňyz?

Ylham Şaban: Hawa, türkmen gazyny [Ýewropa] akdyrmak barada iki hökümetiň arasynda çarçuwaly ylalaşyk baglaşyldy. Emma, munuň ýaly resminamalaryň mejbury häsiýeti ýok.

Ylham Şaban
Ylham Şaban
Şunlukda anyk proýetkler barada häzirlikçe bir zat aýtmak gaty kyn. Iki ýurt gaz sektorynda hyzmatdaşlyk etmäge niýetiniň bardygyny bildirdi. Ýagdaýlaryň nähili özgerjekdigi taraplaryň özüne bagly.

Men bir zady ýatlatmakçy, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gazy satyn almak barada eýýäm bir ylalaşyk baglaşylypdy. Şonda ýyllyk 10 milliard kubometr gazy almak boýunça anyk sanlar hem görkezilipdi. Emma, şertnamany durmuşa geçirmek başartmady.

Edil häzirki pursatda gaz boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada syýasy meýiller orta atyldy. Ýöne, ýaňy hem nygtaýşym ýaly, munuň geljegi taraplaryň özlerine bagly.

Ýene bir ýagdaýa ünsi çekesim gelýär, prezident Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri Transhazar proýektiniň amala aşmagy barada ençeme tapgyr çykyş etdi. Emma bular howaýy gürrüňligine galdy.

Azatlyk Radiosy: Eger-de türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak baradaky gürrüňler durmuşa geçirilip başlansa, bu haýsy ugurlar boýunça amala aşyrylyp bilner?

Ylham Şaban: Muny diňe iki ýol bilen amal edip bolar. Munuň biri Transhazar gazgeçirijisi we Günorta Kawkaz koridory, beýlekisi bolsa Eýran.

Elbetde, Eýranyň üstünden geçirilse, ol has arzan we amatly bolar. Emma, bilşimiz ýaly, Eýrana garşy ABŞ-nyň we ÝB-niň sanksiýalary bar. Diýmek, bu barada pikir hem edip oturmaly däl.

Azatlyk Radiosy: Transhazar proýektine gaýdyp gelsek, Türkiýäniň oňa gyzyklanma bildirmegi, bu gazgeçirijiniň amala aşmagyna oňaýly özerişlikler getirip bilermi?

Ylham Şaban: “Gyzyklanma bildirer” diýilýänini diňe bir görnüşde häsiýetlendirip bolýar, ýagny bu proýekti goldajak, ony maliýeleşdirjek türk kompaniýalarynyň peýda bolmagy mümkin.

Eger-de kimdir biri “esasy mesele türkmen gazyny Azerbaýjana çenli eltmek, mundan soň ol Ýewropa barar” diýýän bolsa, ol juda we düýpli ýalňyşýandyr. Azerbaýjanyň alyp barýan gaz proýektleri, şeýle-de TANAP gazgeçirijisiniň göwrümi göz öňünde tutulanda, onda türkmen gazy üçin ýer ýok diýen ýaly.

Türkmen gazyny Ýewropa bazaryna çykarmak üçin düýbünden täze infrastrukturany döretmeli. Munuň başga çözgüdi, çykalgasy ýok.

Azatlyk Radiosy türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrmak mümkinçilikleri dogrusynda energiýa howpsuzlygy boýunça britaniýaly ekspert Jon Robertsiň hem garaýyşlary bilen gyzyklandy.

Jon Roberts
Jon Roberts
Jon Roberts: Esasy mesele Kaspiden geçmek. Häzirki wagtda Türkmenistan, ÝB we Azerbaýjan Transhazar proýekti boýunça gepleşikleri alyp barýarlar. Ähli tarap, umuman alanyňda, razy. Emma Azerbaýjan akdyryljak türkmen gazynyň göwrümi barada aladalanýar.

Baku türkmen gazynyň diňe çäklendirilen böleginiň goýberilmegini isleýär. Olar türkmen gazynyň öz resurslary bilen bäsleşmeginden howatyrlanýarlar.

Şol bir wagtda-da türkmen we ýewropa tarapy gazyň köp mukdarda akdyrylmagyny isleýärler. Netijede bu taýda ylalaşylmaly uly bir mesele bar.
XS
SM
MD
LG