Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakyky bilim we türkmeniň “gaty kagyz” derdi


Diplom
Diplom
Türkmenistanda ýene bir ýüz müň gowrak oglan-gyz mekdebi tamamlaýar. Olaryň öňünde hünär edinmek, işlemek, durmuşda öz orunlaryny tapmak meselesi keserip dur.

Şu mesele hem ýaşlary mekdebi gowy bahalar bilen tamamlamak, okuwlaryny dowam etdirmek, hünärli, jemgyýete gerekli adamlar bolup ýetişmek barada pikirlenmäge mejbur edýär.

Emma okuw, iş we durmuş ýoly, aýdylyşy ýaly, gül düşelen ýoda däl. Onuň çarkandagy, çukanagy, belki-de gatyja büdredýän harsaň daşlary-da bar. Şol daşlaryň biri hem bilim pudagyndaky korrupsiýa hasaplanýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň birnäçesiniň özara gürrüňdeşlikde tassyklamagyna görä, bu ýagdaý sowet ýyllarynda hem bardy we häzir hem dowam edýär.

Olar türkmeniň “gaty kagyz” derdiniň, ýagny pul, tanyşlyk, wezipeli adamlara daýanmak bilen alnan diplomlaryň türkmen jemgyýetindäki kompotentsizligi, parahorlugy köpeltmese, azaltmaýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda Türkmenistan indi bazar ýörelgelerine geçýär. Bu ýagdaý bolsa hakyky bilimli, hakyky iş bilýän ýaşlaryň zerurlygyny artdyrýar. Azat bazar gatnaşyklary şertlerinde diplomly, “gaty kagyzly”, emma iş bilmeýän adam gerek däl, beýle adam diňe ýük bolýar diýen pikirleri hem öňe sürýänler bar.

Eýsem şu reallygyň barha çynyrgaýan şertlerinde hem mekdeplerde tanyş, telefon basyşy arkaly gowy baha almak düzgüniniň saklanyp galmagyna näme sebäp bolýar?

Türken halkyny yza çekýän, onuň güýçlenmegine, kuwwatlanmagyna däl, asgynlaşmagyna sebäp bolýan “gaty kagyz” derdiniň beterlemegine kim günäkär?
Ýalta okuwçylar, olaryň pully ýa täsirli ene-atalary günäkärmi, ýa-da bu ýerde magaryf, bilim pudygynyň işgärleri, mugallymlar, kanun goraýjy gulluklar, metbugat hem günäli bolup bilermi?

Bu meselede nähili oňyn tejribelerden ugur almaly, nähili çözgüde eýermeli?
Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize, bellikleriňize, teklipleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG