Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Ýene howply bukjalar ele salyndy


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklary prezident Barak Obamanyň we Nýu-Ýorkuň meri Maýkl Blumbergiň adyna ýollanan haýbat atyjy hatyň ele salnandygyny mälim etdiler.

Maýkl Blumberge we onuň ýaraglara gözegçilik ediji bölümine ýollanan bukjanyň içinden zäherli risin maddasyna meňzeş maddanyň-da tapylandygy habar berilýär.

Mundan daşary, bukjalardaky hatlarda ýaraglara kontrollyk edilmegine garşy haýbat atyjy duýduryşlaryň-da ýazylandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk gulluklary soňky iki aýyň dowamynda içi zäherli maddaly birnäçe haty ele saldylar. Geçen aý prezident Obama we ýene iki sany resmä şeýle bukjalary ýollamakda aýyplanyp bir raýat tussag edildi.
XS
SM
MD
LG