Sepleriň elýeterliligi

HGHK Owganystanda işini bes edýär


Anna güni Halkara Gyzyl Haç Komiteti Owganystandaky ähli operasiýalaryny bes edýändigini yglan etdi.

Bu guramanyň metbugat sekretary Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda şeýle kararyň şu hepde Owganystanyň Jalalabad şäherinde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň ofislerine edilen hüjümlerden soň kabul edilendigini aýtdy.

Hepdäniň çarşenbe güni janyndan geçen iki sany hüjümçiniň amala aşyran şol hüjümlerinde bir adam ölüpdi.

“Frans-Press” habar agentligi Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň 1987-nji ýyldan bäri Owganystanda iş alyp barýandygyny we şu döwrüň içinde bu guramanyň edaralaryna garşy hiç hili hüjümiň bolmandygyny habar berýär.

Soňky wagtlar Owganystanda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň 1 müň 800 töweregi işgäri iş alyp barýardy.
XS
SM
MD
LG