Sepleriň elýeterliligi

Stambul: Erdogan protestleri bes etmäge çagrydy


Türk polisiýasy hökümete garşy demonstrasiýalaryň ikinji gününde Stambulyň Taksim skwerine barmaga çalyşýan protestçiler bilen çaknyşdy.

Polisiýa protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy. Demonstrasiýaçylaryň käbiri polisiýany daşlady.

Bu gowga Stambulda anna güni, polisiýa müňlerçe protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw çüwdürimlerini ulananda başlandy.

Demonstrasiýaçylar şäheriň saklanyp galan ýaşyl zolaklarynyň birinde gurluşyk edilmegine garşylyk bildirdiler.

Azyndan 12 adam jebir çekdi. Stambulda polisiýanyň eden ýowuzlygy baradaky habarlar Ankarada, kenaraýaka şäheri Izmirde hem protestleriň döremegine getirdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Stambulda çykyp gürläp, Taksime gezime çykanlara, dükan eýelerine, myhmanlara mundan artyk zeper ýetirmezlik üçin, protestleri derhal bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG