Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda adatdan daşary ýagdaý


Ýurduň iň uly altyn käninde protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, Gyrgyzystanyň demirgazyk etrabynda adatdan daşary ýagdaý güýje grizildi.

Anna güni Kumtor altyn käninde bolan çaknyşyklarda 50-den gowrak adam ýaralandy, 80 adam tussag astyna alyndy.

Protestçiler bu altyn känini işledýän Kanada kompaniýasyny örän az salgyt tölemekde we tebigata zyýan ýetirmekde aýyplaýarlar we onuň millileşdirilmegini isleýärler.

Kumtor altyn käni gyrgyz ykdysadyýetiniň 12 prosent çemesini düzýär.

Bu demonstrasiýalar şu hepdäniň başynda, protestçiler Demirgazykdaky Týan-şan daglarynda ýerleşýän altyn känine barýan ýoly baglanlarynda başlandy.

Anna güni protestçiler bu altyn känine tok berýän elektrik stansiýasyna ikinji gezek reýd geçirdirler.

Şol gün ýurduň günortasyndaky Jalalabat şäherinde hem protest başlandy we ýüzlerçe adam gubernatoryň edarasyna zabt etdi.
XS
SM
MD
LG