Sepleriň elýeterliligi

Moskwada, Peterburgda protestçiler tutuldy


Ors polisiýasy prezident Wladimir Putiniň ýigrimiden gowrak garşydaşyny tussag astyna aldy, olar Moskwada we Peterburgda ýygnanyşmak azatlygyna garşy girizilen çäklendirmelere protest bildirmäge synanyşdylar.

Oppozisiýa wekili Eduard Limonow we "Başga Orsýet" toparynyň azyndan 14 agzasy tussag edildi. Olar Moskwanyň merkezi meýdançasynda häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berilmedik protest aksiýasyny geçirmekçi boldular.

Peterburgda hem azyndan ýedi protestçiniň tussag edilendigi aýdylýar.

Aktiwistler 2009-njy ýyldan bäri 31 günden durýan her aýyň soňky gününde, häkimiýetler tarapyndan çäklendirilýän ýygnanyşmak azatlygyna ünsi çekmek üçin, protest geçirmäge synanýarlar.

Orsýetiň Baş kanunynyň 31-nji maddasy raýatlaryň erkin ýygnanyşmak azatlygyny kepillendirýän hem bolsa, bu hukuk köplenç häkimiýetler tarapyndan ret edilýär.
XS
SM
MD
LG